MAŞGALA AGZYBIRLIGI MUKADDESDIR

     Ýakynda Türkmenbaşy jins toplumynda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmaklarynda “Maşgala agzybirligi mukaddesdir” atly şygar astynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Onuň mazmuny ýaşlary maşgala gymmatlyklaryna hormat goýmak ruhunda terbiýelemek bilen bagly boldy.

     Çäre gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň goşgularyndaky terbiýeçilik ähmiýetli öwüt-nesihatlary baradaky çykyşlar bilen baýlaşdyryldy.

     Duşuşyga gatnaşanlar ýaşlary maşgala durmuşyna taýýarlamak, maşgala mukaddesligine söýgi döretmek, ýaşlarda halallyk, edeplilik we maşgala gymmatlyklaryna ygrarlylyk ýaly häsiýetleri terbiýelemek dogrusynda giňişleýin durup geçdiler.

     Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan beýik işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.

 

Güljahan HOJAMMAÝEWA,

Türkmenbaşy Jins toplumynyň

Ilkinji Ýaşlar guramasynyň uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar

18 Iýul 2025 | 26 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

18 Iýul 2025 | 27 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

17 Iýul 2025 | 61 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI