Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşiniň hem-de Aşgabat şäher baş bilim müdirliginiň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 3-5-nji synplarynda okaýan okuwçy oglanlaryň arasynda «Merdana nesil- 2024» atly bäsleşik geçirildi.
Bäsleşige gatnaşanlar türkmen halkyna mahsus bolan merdanalygy, Watana bolan söýgini, ata-babalarymyzyň gahrymançylykly synmaz ruhuna belent sarpasyny, bagtyýar zamanamyzda ýetilen belent sepgitleri, gazanylan üstünlikleri çeper sözleriň üsti bilen beýan etdiler. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan uly ösüşleri, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy wasp edýän aýdym-sazly çykyşlar ýerine ýetirildi.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan beýik işlerinde uly üstünlikler arzuw etdiler.
Resul HOJABERDIÝEW,
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň
Köpetdag etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.