Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde Halkara hemişelik Bitaraplyk güni mynasybetli Aşgabat şäheriniň 43-nji orta mekdebinde 3-5-nji synplarynda okaýan okuwçy oglanlaryň arasynda «Merdana nesil – 2024» şadyýan bäsleşiginiň Büzmeýin etrap tapgyry geçirildi.
Adalatly eminleriň baha bermeginde 1-nji orna Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Zaid bin Sultan Al Nahhaýaň adyndaky Döwletliler köşginiň 5-nji synp okuwçysy Küleýmanow Rahman, 2-nji orna 58-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Bäşimow Osman 3-nji orna bolsa 94-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Hanow Osman hem-de 94-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Serdarow Saparmyrat mynasyp boldular. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Büzmeýin etrap Geňeşi tarapyndan hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar.
Bäsleşige gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler .
Mährijemal ATAÝEWA
TMÝG-niň Büzmeýin etrap Geňeşiniň
guramaçylyk bölüminiň müdiri