«MERDANA NESIL-2024»

     Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Halkara hemişelik Bitaraplyk güni mynasybetli bilelikde yglan eden «Merdana nesil – 2024» atly şadyýan bäsleşigiň Büzmeýin etrap tapgyry geçirildi. Oňa 3-5-nji synplarda okaýan okuwçy oglanlar gatnaşdylar.

     Eminleriň beren bahalary netijesinde 1-nji orna Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Zaid bin Sultan Al Nahhaýan adyndaky Döwletliler köşgüniň 5-nji synp okuwçysy Küleýmanow Rahman, 2-nji orna 58-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Bäşimow Osman, 3-nji orna bolsa 94-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Hanow Osman hem-de 94-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Serdarow Saparmyrat mynasyp boldular. Ýeňijiler Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Büzmeýin etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar.

     Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

Mährijemal ATAÝEWA,

TMÝG-niň Büzmeýin etrap Geňeşiniň

guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

18 Iýul 2025 | 26 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

18 Iýul 2025 | 27 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

17 Iýul 2025 | 61 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI