«MERDANA NESIL-2024» BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI

     Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar gurmasynyň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň Halkara Bitaraplyk güni hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň ykrar edilmeginiň 29 ýyllygy mynasybetli Aşgabat şäheriniň 29-nji orta mekdebinde ýurdumyzyň umumy bilim berýän mekdepleriniň 3 - 5- nji synplarynda okaýan oglanlaryň arasynda «Merdana nesil-2024» atly bäsleşigi geçirildi.

     Bäsleşige isleg bildiren çagalar türkmen halkyna mahsus bolan merdanalygy, Watana bolan söýgüsini, ata-babalarymyzyň gahrymançylykly synmaz ruhuna belent sarpasyny, bagtyýar zamanamyzda ýetilen sepgitleri, gazanylan üstünlikleri çeper sözleriň üsti bilen beýan etdiler. “Merdana nesil-2024” bäsleşiginiň ikinji şertinde oňa gatnaşanlar ýekelikde şorta sözleri ýerine ýetirdiler. Bäsleşigiň ahyrky şertinde hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan uly ösüşleri, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary görkezdiler.

     Bäsleşigiň ahyrynda çykyş edenlere eminler topary tarapyndan baha berildi. Eminleriň beren bahalary netijesinde: 1 orna 124-nji orta mekdebiň 4 –nji synp okuwçysy Döwletgeldiýew Döwrangeldi, 2 orna ýöriteleşdirilen 140-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Nurmyradow Emir, 3 orna bolsa, ýöriteleşdirilen 131-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Çaryýew Ýakup dagylar mynasyp boldular.

     Ýeňijilere Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar gurmasynyň Bagtyýarlyk etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. 1-nji, 2-nji orna mynasyp bolan okuwçylar bäsleşigiň şäher tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

 

Altyn DURDYÝEWA,

TMÝG-niň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň

guramaçylyk boýunça hünärmeni.

Öňki makala

«MERDANA NESIL-2024»

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 6 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

22 Noýabr 2024 | 7 okalan

«EL HÜNÄRI – IL GEZER»