Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de “Miras” teleýaýlymynyň bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi. Söhbetdeşlige Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher we Ahal welaýat geňeşleriniň hem-de Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň ýaşlary gatnaşdylar.
Söhbetdeşligiň barşynda ýaşlaryň iri jemgyýetçilik guramasy bolan Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň häzirki wagtda ýurdumyzdaky ýaş nesilleri watansöýüjilik, halallyk, ahlaklylyk ruhunda terbiýelemekde ýerine ýetirýän işleri dogrusynda giňişleýin bellenilip geçildi. Şeýle-de ýaňy ýakynda bellenilen hasyl toýunyň ýokary derejede geçirilmegi we öňdebaryjy tapawutlanan daýhanlara sylaglaryň ýapylmagy häzirki wagtda ýurdumyzda ýaş daýhanlara edilýän aladalar dogrusynda gürrüň edildi.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar okamaga, öwrenmäge, halal zähmet çekmäge, döredijilik bilen meşgullanmaga döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Osman AŞYROW,
Türkmenbaşy dokma toplumynyň Magtymguly
adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy.