BAÝRAKLAR GOWŞURYLDY

     2024-nji ýylyň 16-njy noýabrynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň döredilen güni mynasybetli edebiýatda, sungatda, medeniýetde, oba hojalygynda, ylymda, tehnikada, sportda, saglygy goraýyşda, bilim we terbiýeçilik işlerinde gazanan üstünlikleri, alnyp barylýan içeri we daşary syýasaty, durmuşa geçirilýän beýik özgertmeleri, olaryň ýurdumyzyň, halkymyzyň durmuşyndaky taryhy ähmiýetini il arasynda wagyz-nesihat etmekde ýokary döredijilik başarnygyny hem-de işjeňligini görkezen ýaşlary Türkmenistanyň Ýaşlar baýragy bilen sylaglamak dabarasy geçirildi.

      “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda öňdebaryjy ýaşlaryň 135-si “Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi” diýen hormatly ada mynasyp boldular. Çäräniň dowamynda ýürek buýsançlaryny beýan eden bagtyýar ýaşlar ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmek üçin döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

     Çäräniň ahyrynda talyp ýaşlaryň ýerine ýetirmeklerinde Watanymyzyň belent ösüşlerini wasp edýän aýdym-sazlaryň ýaňlanmagy dabaranyň şowhunyny artdyryp, oňa gatnaşyjylaryň baýramçylyk ruhuny göterdi.

 

Hoşgeldi ANNAGELDIÝEW,

TMÝG-niň Aşgabat şäher

Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

20 Noýabr 2024 | 0 okalan

MAŞGALA AGZYBIRLIGI MUKADDESDIR

19 Noýabr 2024 | 200 okalan

BAÝRAKLAR GOWŞURYLDY