2024-nji ýylyň 13-nji noýabrynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwalyna badalga berildi Türki döwletleriň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilýän bu forumyň baş maksady kinematografiýa boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan, kino sungatyny ösdürmekden, dünýä jemgyýetçiligini türki halklaryň medeniýeti bilen tanyşdyrmakdan ybaratdyr. Halkara kinofestiwalyň Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli guralýandygyny bellemek gerek. Kinofestiwalyň açylyş dabarasyna ýurdumyzyň ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Türkmenistandaky halkara guramalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary gatnaşdylar. Dabaranyň dowamynda türki döwletleriň aktýorlary, režissýorlary, kinematografiýa sungatynyň inçe syrlaryny, onuň ugurlaryny, özleriniň tejribelerini paýlaşdylar.
Dabaranyň ahyrynda ýurdumyzyň şeýle-de türki döwletleriň sungat ussatlary Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda tutumly işleriň durmuşa geçirilýändigini belläp, hormatly Prezidentimiziň adyna hoşallyk sözlerini aýtdylar. Berkarar döwletimizde alnyp barylýan il-ýurt bähbitli işleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza jan saglyk, işlerinde rowaçlyk arzuw etdiler.
Gülnara ÇARYÝEWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň
Berkararlyk etrap Geňeşiniň
esasy hünärmeni.