Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň guramagynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Kitap – dünýäniň açary» atly kitap şüweleňi hem-de aýdym-sazly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Çärede çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýaşlary kitaba çekmek boýunça giň gerimli işleriň alnyp barylýandygyny, olaryň kämil şahsyýetler hökmünde kemala gelmegi üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini buýsanç bilen bellediler. Çäräniň dowamynda Türkmen döwlet gurjak teatrynyň hem-de Türkmenistanyň çagalar we ýetginjekler köşgüniň körpejeleriniň çykyşlaryna giň orun berildi.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň döredijilik bilen giňden meşgullanmagy üçin uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Täçmuhammet ÇARYÝEW,
TMÝG-niň Aşgabat şäher
Geňeşiniň esasy hünärmeni.