BIZ OWAZ BILEN

Golaýda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezi binasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň hem-de «Türkmen owazy» teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda «Biz owaz bilen» atly aýdym-sazly gepleşigiň nobatdaky sany ýazgy edildi.

Gepleşigiň bu sanyna «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijisi, zehinli ýaş aýdymçy Muhammet Meredow gatnaşdy. Ol özüniň hoş owazly aýdymlary bilen gepleşige gatnaşanlara ruhy lezzet paýlady. Ýazgynyň dowamynda täsirli sorag-jogaplar alşyldy.

Gepleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar medeniýetimizi, sungatymyzy dünýä ýaýmaga, ösdürmäge giň ýol açýan, medeniýet we sungat ussatlarynyň döredijilikli zähmet çekmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

 

Gülälek BAÝRAMALYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň

Medeniýet we köpçülikleýin habar beriş

bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

25 Ýanwar 2025 | 83 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

25 Ýanwar 2025 | 69 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

23 Ýanwar 2025 | 118 okalan

BIZ OWAZ BILEN