Ýakynda Aşgabadyň dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň gurnamagynda toplumyň zähmetkeş gelin-gyzlarynyň gatnaşmaklarynda olaryň yhlasly zähmetinden döreýän ajaýyp önümlerine bolan islegiň barha artýandygy barada buýsançly söhbet etmek maksady bilen «Çeper elleriňizden dürler döküler – öz ilimiň çeper gelin-gyzlary» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Onuň dowamynda, nepis çeper döredijiligi we el hünäri bilen dünýä çykyp bilen halkymyz naýbaşy gymmatlyklaryň eýesidigi, türkmeniň çeper elli, döredijilik aňyýetli gelin-gyzlarynyň dokan halylarydyr matalary, taýýarlan keçeleri, döreden keşde-nagyşlary we beýleki gymmatlyklary bolsa, senedi sungata öwürmegiň nusgasy bolup, biziň günlerimize gelip ýetendigi barada buýsanç bilen belläp geçdiler.
Wagyz-nesihat çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşanlar, zenanlarymyzyň sarpalanýan, onuň döredijilikli zähmetine mynasyp baha berilýän Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli gymmatlyklarymyzyň waspynyň hemişe belentden ýaňlanmagyna, türkmen gelin-gyzlarynyň döreden arzyly ajaýyplyklarynyň dünýä ýüzünde dabaralanmagyna, ýaşlara işlemäge, döretmäge, zähmet çekmäge ähli şertdir mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini beýan etdiler.
Nurjemal NEPESOWA,
Aşgabadyň dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky
Ilkinji Ýaşlar guramasynyň sanly ulgam boýunça hünärmeni.












