HASABAT ÝYGNAGY GEÇIRILDI

     Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşi 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk maslahatynyň mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň ylym, bilim, medeniýet ulgamlaryny kämilleşdirmek, ýaşlar barada döwlet syýasaty bilen bagly maslahatlary geçirmek dogrusynda eden tekliplerinden ugur alyp ýaýbaňlandyrylan maslahatlaryň we teklipleriň hasabat ýygnagy geçirildi. Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap häkimliginiň mejlisler zalynda «Ýaşlaryň işini kämilleşdirmekde döwrüň talaby» ady bilen geçirilen ýygnaga Ilkinji Ýaşlar guramalarynyň başlyklary gatnaşdylar.

     Maslahata gatnaşanlar ýurdumyzda ýaşlaryň kämil şahsyýetler hökmünde kemala gelmegi üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

Baýmyrat DÖWLETGELDIÝEW,

TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň

Köpetdag etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

18 Iýul 2025 | 26 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

18 Iýul 2025 | 27 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

17 Iýul 2025 | 61 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI