Ýakynda Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap häkimliginiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap Geňeşiniň bilelikde guramagynda Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli Büzmeýin döwlet elektrik stansiýasynyň mejlisler jaýynda “Ýaşlar – Watanymyzyň beýik geljegini gurujylar” ady bilen zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda çykyş edenler, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ykdysady ösüşine, gurluşyk pudagynyň häzirki ýeten belent derejesine aýratyn ünsi çekdiler.
Duşuşykda ýurdumyzyň ykdysady ösüşine saldamly goşant goşýan ýaşlara TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar döwlet ähmiýetli dünýä nusgalyk işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman, beýik ösüşleri nazarlaýan döwletli başlangyçlarynyň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
Mährijemal ATAÝEWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.