Hormatly Prezidentimiz çagalaryň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, olaryň zehin başarnyklaryny ösdürmek ugrunda yzygiderli tagalla edýär. Munuň özi, ozaly bilen, Watanymyzyň röwşen geljeginiň bähbidine örän ýokary jogapkärçilige esaslanýar. Milli Liderimiz: «Ýaş nesli mynasyp derejede terbiýelemek täze taryhy eýýamda biziň öňümizde durýan möhüm meseleleriň biridir» diýip belleýär. Çagalyk ýyllarynda şahsyýetiň ruhy-ahlak ýörelgeleri we durmuşa ukyplylyk hem-de maksada okgunlylyk häsiýetleri kemala gelýär.
ŞU GÜN — 1-nji iýunda Türkmenistan Çagalary goramagyň halkara gününi belläp geçer. Bu gün hormatly Prezidentimiziň Karary bilen, umumadamzat gymmatlyklaryny we maksatlaryny berkarar etmegiň hem-de milli Liderimiziň ýöredýän döwlet syýasatynyň mazmunyny aňlatmagyň ýolunda dünýä bileleşigi bilen raýdaşlygyň beýany hökmünde ýurdumyzyň resmi baýramçylyk seneleriniň sanawyna girizildi. Onuň esasy maksady her bir adamyň, şol sanda çagalaryň aýratyn üns-alada bilen gurşalmagy, ýokary durmuş mümkinçiliklerine eýe bolmagy üçin amatly şertleri döretmekden ybaratdyr.
Maşgala, ata-ene, çagalar baradaky döwlet syýasaty ykdysady milli strategiýa bilen aýrylmaz baglydyr. Bu strategiýa halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, jemgyýetiň ruhy, intellektual, döredijilik mümkinçiliklerini açmaga gönükdirilendir. Ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýan eneligi we çagalygy goramak boýunça maksatnamalara işjeň gatnaşýan iri halkara guramalar, şol sanda ÝUNISEF Türkmenistanyň hyzmatdaşlary bolup durýar.
Umumymilli, şeýle hem halkara möçberdäki dürli döredijilik bäsleşikleriniň geçirilmegi, şeýle hem Türkmenistanyň çagalar we ýetginjekler toparlarynyň halkara bäsleşiklere we festiwallara gatnaşmagy çagalarda oýlanyş we çeperçilik höwesini ösdürmäge ýardam edýär.
Ýurdumyzda geçirilýän döredijilik bäsleşiklerine her ýyl ýurdumyzyň ähli künjeklerinden ýaş çeper okyjylaryň, tansçylaryň hem-de çeper höwesjeň aýdym we döredijilik toparlary uly ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar.
Halkymyzyň sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmek boýunça wagyz ediş we anyk hereketler Arkadag Prezidentimiziň durmuş syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Munuň üçin çagalar-ýetginjekler sport mekdepleri, sport toplumlary, syýahatçylyk, işjeň dynç alyş we beýleki ugurlar yzygiderli ösdürilýär. Bu çäreler çagalaryň jemgyýetçilik ähmiýetli döredijilik işjeňliginiň ýokarlandyrylmagyna, belent ahlak häsiýetleriniň kemala getirilmegine, watansöýüjilik we raýat jogapkärçiligi ruhunda terbiýelenmegine gönükdirilendir.
Hormatly Prezidentimiz biziň hemmämiziň, tutuş jemgyýet bolup çagalara şatlyk paýlap we olary arzyly maksatlaryna ýetirip biljekdigimizi, olaryň ählisiniň özleriniň ygtybarly goraglylygyny hem-de biziň jemgyýetimize zerur şahsyýetlerdiklerini her ädimde duýmalydyklaryny nygtaýar. Biziň häzirki alyp barýan işlerimiz, çagalaryň meselelerine garaýşymyz ertirki günümizi kesgitleýär, sebäbi çagalar biziň Garaşsyz Watanymyzyň geljegidir.
Ösüp gelýän nesliň hemmetaraplaýyn sazlaşykly kemala gelen şahsyýet hökmünde terbiýelenmegi üçin ýurdumyzda iň häzirki zaman okuw-bilim toplumlary, medeni-dynç alyş we döredijilik merkezleri bina edildi we olaryň gurulmagy ýokary depginlerde dowam etdirilýär. Bu binalar okatmagyň iň täze tehnologiýalary, ozaly bilen innowasiýa, multimedia we interaktiw ulgamlary, häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilendir.
Ýurdumyzyň ähli 1-nji synp okuwçylary her ýyl milli Liderimizden dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň iň häzirki zaman netbuklaryny sowgat alýarlar hem-de olar özleriniň elektron kömekçileri bilen işlemegiň usullaryny özleşdirýärler. Ýokary amatlyklary bolan ak mekdeplerde bilim alýan bagtyýar mekdep okuwçylary bu günki gün dürli dersler boýunça halkara olimpiadalara işjeň gatnaşyp baýrakly orunlary eýeleýärler.
Arkadag Prezidentimiz çagalar hakyndaky aladanyň iň asylly işdigini hem-de abadan geljek üçin ygtybarly maýa goýumdygyny nygtamak bilen, durmuş syýasatynyň dürli ugurlarynda giň gerimli özgertmeleri yzygiderli durmuşa geçirýär. Milli Liderimiziň ýokary derejede sowatly, ruhy taýdan baý, berk bedenli ýaş nesli kemala getirmek boýunça geljegi uly başlangyçlary bolsa munuň aýdyň subutnamasydyr. Şonuň üçin hem häzirki ýaş nesliň öňünde geljekde Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine uly goşant goşmak wezipesi durýar.
Her ýyl 1-nji iýunda bellenilýän Çagalary goramagyň halkara gününi ýurdumyzda giňden belläp geçmek, indi asylly däbe öwrüldi. Bu baýramçylyk ýaş nesliň sazlaşykly ösmegine aýratyn üns berýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary bilen berk sazlaşdy. Berkarar döwletimizde beden taýdan sagdyn we ruhy taýdan baý ýaş nesliň kemala gelmegi üçin ägirt uly işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, başy dik, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!
“Nesil” gazeti,
01.06.2017ý.