EKOLOGIÝA TÄZELIKLERI

“Live Science” žurnalynyň habar bermegine görä, Amerikanyň aerokosmos agentligi bolan NASA guramasy günden bölünip çykan plazmany surata almagy başarýar. Alymlaryň bellemegine görä, bu hadysanyň 2025-nji ýylyň ýazynda iň ýokary derejä çykmagyna garaşylýar. Şondan soň işjeňligi peseler. Günden bölünip çykan plazma halka görnüşinde bolup, daşyndan seredäýmäge ganatlaryny ýaýyp duran kebelegi ýatladýar. Günden bölünip çykan plazmanyň ýere howp salmaýandygyny, onuň Merkuriý planetasyna tarap hereket edip barýandygyny çaklaýarlar.

Ýakynda “The New Ýork post” neşiri bolsa, NASA-dan täze habary mälim edýär. 23 ýyldan soň, has takygy, 2046-njy ýylyň 14-nji fewraly güni ýere 2023 DW atly asteroidiň düşjekdigini çaklaýar. Bu asteroidiň diametri takmynan 49,29 metr bolar. Ol häzir ýerden takmynan 0,12 astronomik birlik aralykda ýerleşýär. Güne garanda, asteroidiň tizligi sekuntda takmynan 24,64 kilometr aralykda hereketlenýär. Alymlaryň çaklamagyna görä, bu asteroit Günüň daşyndan takmynan 271 günüň dowamynda bir gezek aýlanýar. Şoňa görä, oňa ýere täsir etjek we howp saljak kosmiki obýekt hökmünde garalýar.

 

Taýýarlan: Gurbanmyrat GURBANOW,

žurnalist, TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

10 Noýabr 2025 | 121 okalan

GELJEGIŇ BINÝADY — ÝAŞLARYŇ SESI

07 Noýabr 2025 | 244 okalan

BILIMLI ÝAŞLAR – WATAN DAÝANJY

07 Noýabr 2025 | 180 okalan

ŞU GÜNE BUÝSANÇ, ERTIRE YNAM