Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi, Türkmen oba hojalyk institutynyň mejlisler jaýynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny» dabaralandyrmak, şeýle-de, ýaşlaryň arasynda terbiýeçilik işlerini güýçlendirmek, olaryň nogsanlyklardan daşda durmaklaryny gazanmak, hukuk sowatlylygyny artdyrmak, milli däp-dessurlarymyzy, sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmek maksady bilen, «Ýaşlaryň üstünligi – geljege ynam» atly wagyz-nesihat duşuşygyny gurady. Onda ýerli jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleri çykyş etdiler. Çykyşlarda baky Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly», sagdyn durmuş ýörelgeleri, ýaşlaryň tertip-düzgüni, edep-ekramy, görüm-göreldesi, milli ýol-ýörelgelerimiz, üstünlikli dabaralanýan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty, bilim ulgamynda ýetilen sepgitler we öňde durýan anyk maksatlar barada giňişleýin bellenildi. Duşuşygyň dowamynda talyplar bilen sorag-jogaplar alşyldy. Bu çäre özüniň täsirliligi bilen tapawutlandy.
Abul HAÝTBAÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat
Geňeşiniň esasy hünärmeni.