WOLEÝBOL ÝARYŞY GEÇIRILDI

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Şabat etrap Geňeşi, etrabyň bedenterbiýe we sport bölümi bilen bilelikde guramagynda etrabyň 1-nji sport mekdebinde «Sport – saglygyň sakasy» ady bilen woleýbol ýaryşyny geçirdi.

 «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny» dabaralandyrmak maksady bilen etrapdaky orta mekdeplerden gelen okuwçy gyzlar özaralarynda çekeleşikli duşuşyklary alyp bardylar. Ýaryş aýlaw görnüşinde bolup, oňa bäş topar gatnaşdy. Çekeleşikli duşuşyklar okuwçy gyzlaryň sport ussatlygyny ýüze çykardy.

Netijede ýeňiji toparlar öňe saýlandy. Ýaryşyň ahyrynda ýeňiji bolan toparlara gurnaýjylar tarapyndan Hormat hatlary gowşuryldy.

Soltanmyrat ALLABERENOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň

Şabat etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

14 Iýul 2025 | 984 okalan

PARAHAT ÝURDUŇ BAGTLY PERZENTLERI

14 Iýul 2025 | 984 okalan

DILLERDE DESSAN WATANYM

14 Iýul 2025 | 308 okalan

KIM ÇALASYN, KIM ÇAKGAN