NURANA GELJEGIŇ ŞAMÇYRAGY ÝAŞLAR

Ýaňy-ýakynda Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň 45-nji orta mekdebinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Dänew etrap Geňeşiniň guramagynda etrabyň ýokary synp mekdep okuwçylaryň gatnaşmagynda “Nurana geljegiň şamçyragy ýaşlar” ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda 45-nji orta mekdebiniň müdiri Nursoltan Baýramowa, Türkmenistanyň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Dänew etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni Dursunjemal Saryýewa dagylar çykyş edip, ýaşlary kitap okamaga çekmek, olarda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasyndan dörän gymmatly eserleriniň üsti bilen watançylyk duýgularyny, milli mirasa sarpany we zähmete söýgüni döretmek hakynda gürrüň etdiler.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlarymyzyň kämil bilim almagy, okamagy, öwrenmegi, döretmegi üçin zerur şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaçlyga beslenmegini arzuw etdiler.

Dursunjemal SARYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Dänew etrap Geňeşiniň guramaçylyk

bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

13 Awgust 2025 | 41 okalan

TÜRKMENISTAN – DOST-DOGANLYK MEKANY

13 Awgust 2025 | 35 okalan

“MAŞGALAM-BAŞ GALAM”

12 Awgust 2025 | 159 okalan

MAŞGALAM-BAŞ GALAM