Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmaga, abadan durmuşy üpjün etmeklige gönükdirilen örän ähmiýetli hukuk derejedir. Bitaraplyk baýramy bagtyýarlygyň, parahat durmuşyň, halklaryň dostlugynyň baýramydyr.
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halky dünýä bileleşigi bilen bilelikde ilkinji gezek Halkara Bitaraplyk gününi belledi. Bu şanly sene mynasybetli ýurdumyzyň paýtagtynda we welaýatlarynda köpçülikleýin çäreler giň gerime eýe boldy. Asylly däbe görä, baýramçylyk çäreleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyndan başlady. Ir bilen gül goýmak dabarasyna gatnaşmak üçin kaşaň binanyň ýanynda Mejlisiň başlygy, Hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylary, welaýatlaryň hem-de paýtagtymyzyň häkimleri, milli parlamentiň deputatlary, daşary döwletleriň ýurdumyzda işleýän diplomatik missiýalarynyň baştutanlary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar ýygnandylar. Şeýle hem dabarada “Halkara gatnaşyklarda Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkezi: sebitde parahatçylyk we gülläp ösüş maksatlarynda Merkezi Aziýa bilen on ýyl hyzmatdaşlyk” we “Halkara gatnaşyklarda Bitaraplyk syýasaty we öňüni alyş diplomatiýasy: Türkmenistanyň tejribesi we onuň ähmiýeti” atly halkara maslahatlara gatnaşyjylar bar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň we tutuş halkymyzyň parahatçylyk, döredijilik we hoşniýetlilik ýörelgelerine ygrarlydygyny aňladýan Bitaraplyk binasynyň ýanyna gelip, kaşaň binanyň ýanynda ajaýyp gül sebedini goýdy. Bitaraplyk binasynyň öňündäki meýdançadaky adamlaryň akymy milli Liderimiziň göreldesine eýerip, gül desselerini goýdular.
1995-nji ýylyň 12-nji dekabry — Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda degişli Kararnamany kabul eden güni hökmünde ýurdumyzyň ýyl ýazgysyna täze taryhy eýýamyň başlanýandygyny alamatlandyrýan sene hökmünde hemişelik ýazyldy. Dünýä tejribesinde ilkinji gezek Milletler Bileleşigi döwletimiziň parahatçylyk dörediji, BMG bilen parahatçylygy, howpsuzlygy we gülläp ösüşi üpjün etmekde işjeň hyzmatdaş hökmündäki beýik hukugyny biragyzdan ykrar etdi.
“2017 — 2023-nji ýyllarda Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň konsepsiýasyna” laýyklykda, dünýäniň dürli ýurtlary we BMG, ÝB, GDA, ŞHG, ÝHHG, Goşulyşmazlyk hereketi, YHG we beýleki abraýly düzümler bilen gatnaşyklaryň berkidilmegine uly ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda hereket edýän Milletler Bileleşiginiň Ösüş maksatnamasy, ÝUNESKO, Ilat gaznasy, Çagalar gaznasy ýaly ýöriteleşdirilen düzümleriň wekilhanalary, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy, Neşekeşlik we jenaýatçylyk baradaky müdirlik bilen ýola goýulýan gatnaşyklar täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar.
2018 — 2020-nji ýyllar üçin ýurdumyzyň BMG-niň Çagalar gaznasynyň Ýerine Ýetiriji geňeşine, şeýle hem 2018 — 2022-nji ýyllarda Zenanlaryň derejesi baradaky topara saýlanmagy döwletimiziň abraýynyň belende göterilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Şeýle hem Türkmenistanyň BMG-niň 2017 — 2020-nji ýyllarda ylmy we tehnikany ösdürmek baradaky topara, 2016 — 2022-nji ýyllarda ilat we ösüş baradaky topara, 2017 — 2021-nji ýyllarda durmuş ösüşi boýunça topara saýlanandygyny bellemeli.
Ýurdumyzyň 2017-nji ýylda Energetika Hartiýasynyň Halkara maslahatynda başlyklyk etmegi Bitarap döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň halkara bileleşigi tarapyndan hemmetaraplaýyn goldawa eýe bolýandygynyň subutnamasydyr. Paýtagtymyzda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy ýurdumyzyň sebitde parahatçylyk döredijilik tagallalaryna ähmiýet berýändigini, BMG tarapyndan berkidilen daşary syýasatynyň Bitaraplyk ýörelgelerine ygrarlydygyny görkezýär.
Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda milli Liderimiziň başlangyjy boýunça ýurdumyzda ilkinji gezek baýram edilýän Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Mukamlar köşgünde baýramçylyk konserti boldy. Sahnada ýurdumyzyň tans toparlary çykyş edip, halk we estrada aýdymlary ussatlyk bilen ýerine ýetirildi. Konserte gatnaşyjylaryň bilelikde ýerine ýetirmeginde ýaňlanan “Dünýä dursun parahat!” atly aýdym dabaranyň özboluşly jemlenmesine öwrüldi.
“Nesil” gazeti,
14.12.2017ý.












