Nurana öwüşginli günleriniň her biri toýdur baýramlara, şanly senelere beslenýän eziz Watanymyz geçen hepdede ilkinji gezek Halkara Bitaraplyk gününi belledi. Bu şanly sene mynasybetli baýramçylyk dabaralary guraldy.
Hormatly Prezidentimiziň şanly senäniň öňüsyrasynda Aşgabatda geçirilen “Halkara gatnaşyklarda Bitaraplyk syýasaty we öňüni alyş diplomatiýasy: Türkmenistanyň tejribesi we onuň ähmiýeti” atly halkara maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagynda Bitaraplyk derejesine we parahatçylyk ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarly bolup durýan döwletimiz ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine gönükdirilen we milli hem-de umumadamzat gyzyklanmalaryna laýyk gelýän oňyn hyzmatdaşlyk boýunça daşary syýasat strategiýasyna daýanýar diýip belledi.
«Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkezi: sebitde parahatçylyk we gülläp ösüş maksatlarynda Merkezi Aziýa bilen 10 ýyl hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahat BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkeziniň döredilmeginiň 10 ýyllygyna bagyşlandy. Hormatly Prezidentimiz bu düzümi döretmek baradaky başlangyjy öňe sürüp, dünýäniň iň möhüm sebitleriniň birinde özara gatnaşyklaryň hil taýdan täze ugrunyň kemala gelmegine badalga berdi. Bu möhüm ýörelgäniň durmuşa geçirilmegi BMG we sebitleýin bileleşik, öňi bilen bolsa Merkezi Aziýa döwletleri tarapyndan berkidildi hem-de şeýle merkeziň döredilmeginiň maksada laýykdygy hem-de zerurdygy nygtaldy.
Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli baýramçylyk çäreleriniň dowamynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzdaky Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasy boldy. Şeýle-de, halkymyzyň abadan ýaşaýşynyň hatyrasyna ýurdumyzda köp sanly täze binalaryň açylyş dabarasy boldy. Aşgabatda, Tejende, Balkanabatda, Daşoguzda, Türkmenabatda we Maryda maýyplara we durmuş goldawyna mätäç bolan beýleki raýatlara niýetlenen 48 öýli döwrebap täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlarynyň gowşurylmagy halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda alnyp barylýan işleriň ýene-de bir gezek aýdyň subutnamasy boldy.
Paýtagtymyzyň Parahat — 7 ýaşaýyş jaý toplumynyň çäginde «Bereketli» täze söwda merkezi, Köşi ýaşaýyş toplumynda bolsa Saglyk öýi, Ahal welaýatynyň Änew şäherinde 4 gatly 32 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýy, Balkan welaýatynyň merkezinde durky düýpli döwrebaplaşdyrylan 1-nji Saglyk öýi, Daşoguz şäherinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işewürlik merkezi, Türkmenabat şäherinde hem işewürlik merkezi we iki sany 4 gatly ýaşaýyş jaýynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi bu günler ýurdumyzda dabaralanýan baýramçylygyň şowhunyny has-da artdyrdy. Bu täze açylan binalar Täze ýyl baýramçylygynyň öň ýanynda halkymyz üçin ajaýyp sowgat boldy.
Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň merkezinde çeper haly kärhanasy döwrebaplaşdyryldy. Mary şäherinde bir wagtda 3 müň tonna gök önümleri saklamaga niýetlenen döwrebap sowadyjy ammaryň ulanylmaga berilmegi ilatymyzyň ekologiýa taýdan arassa, ýokumly azyk önümleri bilen ýokary derejede üpjün edilmegine ýardam berer. Mähriban Arkadagymyz tarapyndan ýaş nesil hakynda edilýän bimöçber aladalary, tagallalary Ýolöten etrabynyň merkezinde gurlup ulanylmaga berlen «Bagtyýarlyk şuglasy» atly çagalara niýetlenen dynç alyş meýdançasynda görmek bolýar. Çäksiz mümkinçilikleri öz içine alýan bu meýdança basym ýaş körpeje nesillerimiziň iň arzyly ýerine öwrüler.
Şadyýan çagalaryň ýurdunda — paýtagtymyz Aşgabatda BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) «Çagalar sanaw dünýäsinde» ady bilen Hasabatynyň tanyşdyrylyşy boldy.
Ministrler Kabinetiniň 15-nji dekabrda geçirilen mejlisinde döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň möhüm meselelerine garaldy. Mundan başga-da, mejlisde ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek, elektroenergiýa önümçiligini artdyrmak, Aşgabat şäherinde abadançylygy üpjün etmek boýunça zerur çäreleriň görülýändigi, jemagat hojalygy gulluklarynyň işini kämilleşdirmek şeýle-de Owganystanyň çäginde demir ýoluň gurluşygyny alyp barmak, täze 2018-nji ýyly mynasyp garşylamak ugrunda baýramçylyk maksatnamasyny taýýarlamak boýunça ýaýbaňlandyrylan işler barada birnäçe meseleleriň üstünde durlup geçildi.
Hormatly Prezidentimiz 2018 — 2021-nji ýyllarda Türkmenistanyň çägindäki Beýik Ýüpek ýolunyň geçýän ugrunda ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärliklerde gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň Döwlet maksatnamasyny tassyklap, degişli karara gol çekdi. Şeýle-de, döwlet Baştutanymyzyň Karary esasynda awtorlyk hukugynyň obýektlerini hasaba almak bilen bagly hereketler üçin ýygymlaryň tertibi, hereketleriň sanawy we ýygymlaryň möçberleri tassyklandy.
Türkmenistanyň wekiliýeti Russiýanyň paýtagty Moskwada GDA gatnaşyjy ýurtlaryň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XII forumyna gatnaşdy. Forumyň maksatnamasyna ylym we bilim ulgamynda döwletara gatnaşyklaryň meseleleri boýunça pikir alyşmak, GDA ýurtlarynda Medeniýet ýylynyň çäklerinde bilelikdäki çäreleri taýýarlamak we ýaşlar syýasaty ýaly meseleler girizildi.
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ýardam bermeginde guralýan Russiýa Federasiýasynyň sirk artistleriniň 14-nji ýanwara çenli dowam etjek çykyşlary aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary üçin Täze ýyl sowgady bolar.
Golaýlap gelýän Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň golaýyndaky meýdançada oturdylan Baş arçanyň yşyklarynyň ýakylyş dabarasy hem şatlyk-şowhuna beslendi.
Umuman, geçen hepde il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli wakalaryň birnäçesine baý boldy. Bu bolsa ýurdumyzyň oňyn ösüşiniň ýene bir nobatdaky subutnamasydyr.
“Nesil” gazeti,
19.12.2017ý.












