Milli ykdysadyýetimizde azyk bolçulygy

 At-owazasy dünýä dolýan eziz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen azyk bolçulygynyň ýokary derejede üpjün edilmegi ugrunda alnyp barylýan işler öz ajaýyp miwelerini berýär. 2017-nji ýylyň 11 aýynyň içinde öndürilen oba hojalyk önümleriniň derejesi geçen ýyldaky bilen deňeşdirilende 5,1 göterim artdy. Hususan-da, unuň öndürilişiniň ösüş depgini 104,7 göterim, aş önümleriniňki 108,7 göterim, etiň öndürilişi 101 göterim, gök önümleriňki 101,7 göterim, bakja önümleriniň ösüş depgini bolsa 105,3 göterim üpjün edildi. Şunuň bilen birlikde, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň kärhanalary tarapyndan oba hojalyk we azyk önümleriniň 1 milliard 312 million manatlygy öndürilip, borçnamalar 131,9 göterim ýerine ýetirildi.

Ilatymyzyň ekologiýa taýdan arassa iýmit önümleri bilen doly üpjün edilmegi üçin döwletimiz we hususy kärhanalarymyz tarapyndan ýerli, tebigy çig maldan dürli görnüşli önümler öndürilýär. Baharly etrabynda her ýyl 20 müň tonna süýt we 100 tonna et önümlerini öndürýän maldarçylyk toplumy işleýär. Bu etrapda kuwwaty ýylda 100 tonna et önümlerini öndürmäge niýetlenen ýene bir maldarçylyk hojalygy döredildi. Daşoguz welaýatynda gurlan şuňa meňzeş maldarçylyk toplumy bolsa, 500 baş tohum maly saklamaga, ýylda 2 müň tonna süýdi we 120 tonna eti gaýtadan işlemäge niýetlenendir. Mundan başga guşçulyk pudagynda uly ösüşler gazanyldy. Bu pudak boýunça ýurdumyzyň ençeme kärhanalaryny, şol sanda Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşýän «Guş toplumy» toplumyny, Balkan welaýatynyň Bereket etrabyndaky hem-de Mary welaýatynyň Baýramaly etrabyndaky guşçulyk toplumlaryny mysal getirmek bolar.

Obasenagat toplumynda iň häzirki zaman tehnologiýalaryň, enjamlaryň ornaşdyrylmagy daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişiniň artdyrylmagyna, şeýle-de dünýä ýurtlaryna eksport mümkinçilikleriniň köpelmegine şert döredýär. Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça ýylyň haýsy möwsümidigine garamazdan, halkymyzyň ter gök önümlere bolan isleglerini ýeterlik kanagatlandyrmaga ukyply ýyladyşhanalaryň gurluşygy ýaýbaňlandyryldy. Şu ýyl Daşoguz welaýatynda ýerleşýän «Döwletli» daýhan birleşiginde ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy — «Altyn gala gurluşyk» hususy kärhanasy tarapyndan täze ýyladyşhana hojalygy bina edildi. Bu ýerde dört gektar meýdanda ýylda 800 tonna pomidor, şol sanda bu gök önümleriň ýerli we daşary ýurtda ýetişdirilýän görnüşlerini öndürmek göz öňünde tutulýar. Olaryň şitilleri ýyladyşhanada ýetişdiriler.

Milli ykdysadyýetimiziň azyk pudagynda importyň ornuny tutýan önümleriň möçberleriniň artdyrylmagyna balyk hojalygynyň ösdürilmegi hem ýardam berýär. Döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda 2015-nji ýylyň sentýabr aýynda Türkmenbaşy etrabynyň merkezinde bekre balyklaryny ýetişdirmek, gara işbili öndürmek we beýleki balyk önümlerini taýýarlamak boýunça Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň «Hazar balyk» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň işe girizilmegi şanly waka öwrüldi. Onuň kuwwaty bekre görnüşli harytlyk balygyň ýylda 100 tonnasyny we bekre işbiliniň 2 tonnasyny, kakadylan we beýleki balyk önümleriniň 170 tonnasyny, şeýle hem gaplanylan önümleriň 10 million şertli birligini öndürmäge deňdir. Bekre, zagara we lakga görnüşli balyklary ýetişdirmek boýunça ýyllyk kuwwaty degişlilikde 20, 10 we 60 tonna harytlyk balygy öndürmäge deň bolan şunuň ýaly toplum Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda hem önjeýli işleýär.

Şeýle hem azyk bolçulygynyň artmagynda daýhanlaryň öz kömekçi hojalyklarynda ýetişdirýän gök önümleriniň ähmiýeti uludyr. Bu babatda ähli welaýatlarda täze nusgaly döwrebap obalaryň bina edilendigi örän buýsançly ýagdaýdyr. Obalardaky her öýüň ýanynda 0,12 — 0,16 gektar mellek ýerleriň bolmagy oba ýaşaýjylary gök önümleri we miweleri ýetişdirmäge, et we süýt önümlerini öndürmäge mümkinçilik aldylar.

Milli Liderimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde azyk bolçulygyny pugtalandyrmakda, halkymyzy hil taýdan ýokary, ýokumly önümler bilen üpjün etmekde uly üstünlikler gazanylýar.

“Nesil” gazeti,

21.12.2017ý.

Meňzeş habarlar