Aşgabat-gözelligiñ mizemejek binýady, sagdynlygyñ, ruhubelentligiñ hem-de sportuñ şäheri. "Arkalaşygyñ täze sport mümkinçilikleriniñ şäheri" adyna eýe bolan Aşgabat iri halkara ýaryşlarynyñ geçirilýän merkezine öwrülmek bilen, dünýäniñ abraýly sport guramalarynyñ arasynda giñ gyzyklanma eýe boldy. Şäherimiziñ binagärlik aýratynlyklary bilen özboluşly sazlaşyk döredýän, sebitde deñi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesi bolsa, halkara olimpiýa talaplaryna laýyklykda gurulyp, iri halkara ýaryşlaryny üstünlikli geçirmäge, türgenleşik işlerini ýokary derejede alyp barmaga mümkinçilik döredýär. Bu döwrebap sport şäherçesiniñ halkymyza peşgeş berilmegi raýatlarymyzyñ, esasasan-da, ýaş nesillerimiziñ sporta bolan söýgüsini has hem artdyrdy. Paýtagtymyzdaky Sagdynlyk binasy, Welosiped binasy, Aşgabat köpugurly stadiony, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyñ ajaýyp binalar toplumy, Gyşky oýunlar sport toplumy, Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebi, Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebi, Aşgabat golf kluby bitewi sazlaşygy emele getirip, baş şäherimiziñ görküne görk goşup, myhmanlardyr, jahankeşdeleriñ arasynda dünýäde iñ owadan şäherleriñ biri diýen ýokary baha mynasyp boldy. Kuraş boýunça 14-nji dünýä çempionaty, tennis, hokkeý , türkmen milli göreşi we guşakly alyş göreşi boýunça geçirilen halkara ýaryşlary bolsa milli ýygyndymyzyñ ussat türgenleriniñ taryhy ýeñişleri bilen tamamlanypdy. Yhlasy myrada gowuşan türgenlerimiziñ gazanan ýeñişlerine Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz elmydama ýokary baha berip, şa serpaýlary bilen sylag-serpaýlap, tälimçidir-türgenlerimize hormatly atlary dakmagy bolsa, olaryñ durmuşynda, ykbalynda hiç wagt ýatdan çykmajak täsirli günleri peşgeş berýär.
" Saglyk " döwlet maksatnamasynyñ esasy özenini düzýän halkymyzyñ saglygyny goramak, keselleriñ öñüni almak, ynsan ömrüniñ dowamlylygyny uzaltmak üçin ýaşlaryñ arasynda bedenterbiýäni, sporty wagyz etmekde ýürdumyzyñ beýleki sebitleri bilen bir hatarda, merjen paýtagtymyzda hem örän netijeli işleri alnyp barylýar.
Aşgabat-baky bagtyñ, üstünlikleriñ şäheri. Ak mermerli paýtagtymyzyñ adyny biz günde ýüzlerçe gezek buýsanç bilen tutýarys. Bu buýsançly sözi näçe köp zybana getirdigimizçe hem, kalbymyz sonça-da joşa gelýär. Aşgabatda taryh üçin örän ujypsyzja wagtda asyrlara barabar beýik işler amala aşyryldy. Merjen şäherimiz indi ertekilerdäki jadyly şäheri ýadyña salýar. Bu ajaýyp şäheriñ goýnunda her gün toý-baýramlar toýlanyp, uzakdan-ýakyndan dost-doganlarymyz biziñ şatlygymyzy deñ paýlaşmak üçin myhmançylyga gelip durlar. Aşgabat bolsa halkymyzyñ “ Myhman atañdan uly “ diýen manyly sözüne eýerip, gelýän myhmanlary duz-çörek, sylag-hormat bilen gujak açyp, törde garşy alyp dur. Sebäbi, sebitde ylalaşdyryjy merkez adyna eýe bolan ýurdumyzyñ göwher-gaşy Aşgabat parahatçylygyñ, dostluk-doganlygyñ şäheri.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Aşgabat şäherinde halkara derejesinde ylmy-amaly maslahatlar, forumlar, brifingler, döredijilik festiwallary şol san-da, halkara sport ýaryşlary hem geçirilýär. Biz oña ýañy-ýakynda tamamlanan türkmen milli göreşi we guşakly alyş göreşi boýunça geçirilen halkara ýaryşyñ mysalynda hasam aýdyñ göz ýetirdik. Daşary döwletlerden gelen myhmanlar bu halkara ýaryşyñ geçirilişine hasam ýokary baha berdiler. Esasanam, Bütindünýä Alyş federasiýasynyñ prezidenti Adilet Baýaman Uuly ýaryşyñ açylyşynda eden çykyşynda: " Aşgabada 6-njy gezek gelýärin. Aşgabada, gadymy türkmen topragyna ýene-de myhman bolmak gör nähili ýakymly! Belent derejedäki hezzet-hormaty her ädimde duýýarys. Tutluşyklaryñ geçiriljek ýerleri bolsa, döwrüñ ösen talaplaryna laýyk gelýär."-diýip paýtagtymyz hakynda ýokary baha bermegi biziñ göwün guşumyzy al-asmana göterdi.
Aşgabat hakynda oýa batanymda, şäheriñ seýilgähleriniñ görkanalygyny artdyrýan, dürli görnüşli saýaly baglary, leýlisaçlary ýa-da ysy uzakdan beýhuş edip, göwnüñi joşdurýan ýylyñ islendik paslynda älemgoşary ýadyña salyp, açylyp oturan al-elwan gülleri göz öñüñde janlanýar. Bu tebigy gözellikler bolsa, şäheriñ ekologik arassalygyna hem uly üns berilýänligini görkezýär:
Mähir bilen apalanym, aýanym,
Şaýollara keşde edip gaýanym,
Bezegisiñ Köpetdagyñ, gaýanyñ,
Aşgabadyñ güllerine aşyk men.
Sagdynlygyñ şäheri hakynda näçe joşsañ joşup oturmaly. Birden serime şeýle joşgunly setirler geldi, bu elbetde biziñ hemmämiziñ kalbymyzda sporta bolan söýgüniñ joş urýanlygyny üçin şeýle bolsa gerek:
Dogum gördüm pälwanyñ gözünde,
Ynam duýdum ýeñiş üçin sözünde,
At çapdyryp gadym Ahal düzünde,
Aşgabadym sagdynlygyñ şäheri.
Tämizdir howasy, saba-säheri.
Aşgabat waspy soñlanmajak dessan.Aşgabat-gözelligiñ, söýgüniñ, bagtyñ şäheri. Ähli arzuwlaryñ hasyl bolýan ülkesinde, gözümiziñ görejine deñeýän jan Watanymyz Türkmenistan döwletimizde Gahryman Arkadagymyzyñ başyny başlan beýik özgertmeleri Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär. Nirä baksañ şatlyk-gülki, bagtly durmuş gaýnap joşýar. Ýañy çagalar bagyna gadam basan körpelerden başlap, ak sakgally ýaşulylarymyz, ak saçly mähriban enelerimiz, ähli halkymyz bu ajaýyp döwür üçin, beýik başlangyçlary bilen dünýäde ykrar edilen türkmen halkynyñ Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Gahryman Arkadagymyzyñ beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny beýan edýärler.
Baýmyrat DÖWLETGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň
Köpetdag etrap Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň baş hünärmeni.