Milli aýdym-sazlaryň jadyly owazy göwünleri, kalplary birleşdirmäge, ylham bermäge, ynsany galkyndyryp, täze başlangyçlara ruhlandyrmaga ukyplydyr. Bagşy-sazandalarymyzyň kalbyndan joşup çykýan şirin owazly aýdym-sazlar dürli künjekde öz diňleýjisini tapýar we ýüreklerde orun alýar. Ajaýyp mukamyň owazy diňleýjä gam-gussany unudyp, özüni bagtly duýmaga, duýgularyny çeper beýan etmäge mümkinçilik berýär. Ýakymly aýdym-sazlara hiňlenip iş etmek, dynç almak her birimize mahsus häsiýetdir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň gözbaşyny asyrlardan alyp gaýdýan milli aýdym-saz sungatyny dabaralandyrmak, gorap saklamak, ösdürmek we dünýä jemgyýetçiligine wagyz etmek ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Türkmen milli dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bagtyýar halkymyzy tüýs ýürekden buýsandyran waka boldy.
Dutar halkymyzyň köp asyrlyk aýdym-saz medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolup gelýär. Türkmen halkynyň hiç bir baýramy bagşysyz geçýän däldir. Iň şatlykly günde bagşy aýtdyrmak asylly däpleriň biridir. Dutaryň jana şypaly şirin owazy toýlarymyzyň bezegidir. Ol uly-kiçini owazyna maýyl edip, bir ýere jemlemäge ukyplydyr.
Öz ajaýyp döredijiligi bilen ýüreklerde ýer alan, türkmen aýdym-saz sungatyny arşa galdyran ussat bagşydyr meşhur sazandalarymyzyň döredijiligi bu gün hem öz meşhurlygyny ýitirmeýär. Halypalaryň döreden aýdym-sazlary ýaş sungat ussatlary, häzirki nesiller üçin uly mekdepdir. Bu aýdym-sazlary ýaş aýdymçy-sazandalarymyzyň döwrebap görnüşde ýerine ýetirmekleri halypalarymyzyň döredijiligine täze äheň, täze öwüşgin berýär.
Goý, milli sazlarymyzyň owazy hemişelik bitarap döwletimizde, bütin dünýäde kalplarda sena bolup ýaňlansyn!
Gülnara SARYBAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat
Geňeşiniň baş buhgalteri.