Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 4 — 8-nji awgusty aralygynda geçirilmegi meýilleşdirilýän BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň maslahaty her 10 ýyldan bir gezek geçilýär. Ýurdumyzdaky “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmeli üçünji maslahatyň çäginde bolsa birnäçe forumlar we ugurdaş çäreler meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan oňa ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Ýokary okuw mekdepleriniň daşary ýurt dillerini bilýän talyplary hem höwes bilen meýletinçileriň hataryna goşulýarlar.
Bu giň gerimli halkara çäräniň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän Ýaşlar forumy aýratyn ähmiýete eýedir. Forumda dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen ýaşlar, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň öňündäki mümkinçilikler, innowasion çözgütler babatda hem-de hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşarlar. Şeýle forumlar ýaşlaryň dünýä derejesindäki meseleler baradaky düşünjesini giňeldýär, olaryň halkara gatnaşyklar ulgamyndaky işjeňligini artdyrýar. Forumyň çäginde geçiriljek ýörite maslahatlarda, tegelek stol duşuşyklarynda we taslama hyzmatdaşlygy sergilerinde ýaşlar öz pikirlerini açyk beýan etmek bilen bir hatarda, beýleki ýurtlardan gelen ýaş deň-duşlary bilen täze gatnaşyklaryň esasyny tutarlar.
Forumyň ýokary derejede we guramaçylykly geçirilmegi üçin ýurdumyzda giň gerimli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. “Awaza” forumy ýaşlar üçin diňe bir halkara gatnaşyklarda tejribe mekdebi bolman, eýsem, parahatçylyk, hyzmatdaşlyk we ösüş baradaky pikirleriň paýlaşylýan ýerine öwrüler. Bu günki gün halkara derejedäki şeýle forumlaryň geçirilmegi ýaşlar täze başlangyçlara ruhlandyrýar. Biz ýaşlara okamaga, öwrenmäge, halkara derejedäki forumlara gatnaşmaga, nazary bilimlerimizi amalyýetde ulanmaga ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Gülnara MYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.