Türkmen halky örän gadymy döwürlerden bäri nesil terbiýesine aýratyn üns berip gelipdir. Edep-terbiýe babatda zenan maşgalanyň ýedi borjunyň bolşy ýaly, gyz maşgalany bezeýän hem özboluşly ýedilik bar. Olar päkizelik, sypaýylyk, utanç-haýalylyk, agraslyk, eli çeperlik, düşbülik, süýji zybanlylyk ýaly häsiýetlerdir.
“Gyz eneden görelde almasa saçak ýazmaz” diýýän ene - mamalarymyz gyz edebine turuwbaşdan aýratyn üns berip, olary kiçilikden zähmet terbiýesine gönükdirýär. Gyz maşgalanyň zähmetsöýer bolmagy onuň edep-ekramly, eli işli, gepden-gürrüňden daşda bolmagyna ýardam berýär.
Gyz maşgalanyň özüni alyp baryşy diňe bir onuň maşgalasyna däl, eýsem tutuş jemgyýete täsir edýär. Çünki gyzyň edebi, onuň ahlak derejesi, gelejekde onuň enelik borjuny nähili ýerine ýetirjekdiginiň hem bir görkezijisidir. Şonuň üçin hem türkmen halkynda: “Gyz guşy öýde görler, edebi – ilde” diýen pähim bar. Bu pähim halkymyzyň gyz edebine nähili uly ähmiýet berýändigini aýdyň görkezýär.
Gyz terbiýesinde ene mahmal ýaly mähirli, ýüpek ýaly ýumşak, şol bir wagtda berk we talapkär bolmalydyr diýilýär. Gyz çaga ýagşy sözleri diňläp, edepli hereketleri synlap ulalanda, onuň kalbynda gözelligiň, ar-namysyň, halallygyň çuňňur köki emele gelýär. Türkmen gyzlarynyň edep-terbiýesiniň aýrylmaz bölegi hem olaryň zähmete we sungata bolan höwesidir. Gelin-gyzlarymyzyň tikinçilik, , dokmaçylyk ýaly işlerden baş çykarmagy diňe bir maşgalanyň däl, eýsem halkymyzyň hem gadymy medeniýetini dowam etdirýändigini görkezýär.
Gyzyň süýji zybanly, sypaýy, utanç-haýaly bolmagy jemgyýetde oňa hormat goýulmagyna, abraýynyň artmagyna getirýär. Şeýle gyzlaryň sözi hem, özi hem göwne ýaraýar, adamlaryň arasynda mylakatly gatnaşyk döredýär. Türkmen halkynyň “Gyz – öýüň bezegi” diýşi ýaly, şeýle edep-ekramly gyzlar maşgalanyň mertebesini ýokarlandyrmak bilen jemgyýetiň ahlak binýadyny hem berkidýär.
Gülnara MYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.