BMG-niň 4-nji awgustdan 8-nji awgust aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna gatnaşjaklar üçin işlenip düzülen LLDC3 programma olary ähli zerur maglumatlar bilen üpjün etmäge niýetlenendir.
Goşmaça programma birnäçe işleri ýerine ýetirýär. Maslahatyň programmasy hemişe tanyşmak üçin elýeterlidir, ulanyjylar üýtgeşmeler barada möhüm habarnamalary alyp, çykyş edýänleriň terjimehalyny we maslahatlaryň jikme-jik tertibini gözden geçirip bilerler. Onuň içine oturdylan anyk karta bolsa maslahatyň geçýän ýerini giňişleýin açyp görkezýär, şeýle hem gatnaşyjylar barada maglumatlary özünde saklaýar.
Göçme programmany iOS we Android ýerliklerinde gurnamak bolýar. Ony maslahatyň resmi saýtyndan QR-kody skanirläp ýüklemek bolýar.
Maslahatyň ýerine ýetirýän wezipelerine girmek üçin LLDC3 goşmaça programmany Apple App Store ýa-da Google Play Store-den ýükläniňizden soň, «Başla» düwmesine basmaly we maslahata ýazylmak üçin ulanan elektron poçta salgyňyzy girizip, «Dowam et» düwmesine basmaly. Hasaba alyş ýazgyňyzy işletmek üçin alan elekron hatyňyzy açmaly we ondaky salgylanma basmaly ýa-da gös-göni programmanyň özüne kod girizmeli.
LLDC3 programma öň oturdylan bolsa, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji konferensiýasyna girmek menýunyň «Ýene», ondan soň bolsa «Meniň beýleki işlerim» nokatlary arkaly amala aşyrylýar.
turkmenistan.gov.tm