SAGLYK - BAŞYMYZYŇ ALTYN TÄJI

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Balkanabat şäher Geňeşiniň guramagynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Arzuw» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda «Saglyk – başymyzyň altyn täji» ady bilen sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşikler geçirildi. Tomusky dynç alyş möwsüminde şadyýan körpeleriň wagtyny has-da gyzykly, täsirli geçirmek maksady bilen guralan bu bäsleşikler örän çekeleşikli boldy. Çagalar oňa uly höwes bilen gatnaşdylar. Olaryň arasynda tapawutlanyp, ýeňiji bolan çagalara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Balkanabat şäher Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Aýgül IŞANMÄMMEDOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Balkan welaýatynyň Balkanabat şäher Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

05 Noýabr 2025 | 31 okalan

WATAN BORJY MUKADDESDIR

05 Noýabr 2025 | 41 okalan

BAGTYÝAR DURMUŞYŇ BUÝSANJY

03 Noýabr 2025 | 88 okalan

TÜRKMEN ALABAÝYNYŇ BAÝRAMY BELLENILÝÄR