SPORT – SAGDYNLYGYŇ GÖZBAŞY

Çagalaryň wagtlaryny gyzykly we şadyýan geçirmekleri maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň guramagynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Arzuw» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde dynç alýan dynç alýan çagalaryň arasynda «Sport – sagdynlygyň gözbaşy» ady bilen sportuň tennis görnüşi boýunça bäsleşik geçirildi. Çagalar özara bäsleşip, wagtlaryny gyzykly, şadyýan geçirdiler. Sport bäsleşigi ýatdan çykmajak pursatlara baý boldy.

Ýeňiji bolan çagalara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşi tarapyndan sowgatlar gowşuryldy. Bäsleşigiň ahyrynda çagalar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlaryny aýtdylar.

Maýagül GARAJAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň

Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň sanly ulgam

boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

11 Sentýabr 2025 | 21 okalan

ÝOLUMYZ ASUDA — ILIMIZ ABAT

11 Sentýabr 2025 | 19 okalan

ÝOL HEREKETINIŇ ÝAŞ GÖZEGÇILERI