MEDENIÝET WE SUNGAT – HALKYŇ RUHY BAÝLYGY

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrap Geňeşi, etrap häkimligi, etrap medeniýet öýi bilen bilelikde guramagynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Soltan» kenar köpugurly dynç alyş toplumynda edara-kärhanalarymyzda zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda «Medeniýet we sungat – halkyň ruhy baýlygy» ady bilen aýdym-sazly dabara geçirildi. Dabarada medeniýet we sungat işgärleriniň çykyşlaryna aýratyn orun berildi. Mähriban Watanymyzda giňden bellenilýän şanly senelerdir, milli baýramçylyklar barha dabaralanýar.

Bu dabara gatnaşanlar şeýle ajaýyp durmuşda döredijilik bilen meşgullanyp, ýurdumyzy, bagtyýar ýaşaýşymyzy öz sungat eserlerimizde şöhlelendirmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýtdylar.

Gülbagt PÜRÇIKOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň

Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň sanly ulgam

boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

25 Iýul 2025 | 18 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ GÖZBAŞY

24 Iýul 2025 | 12 okalan

TÄSIRLI GEÇEN BÄSLEŞIK