TÜRKMEN BITARAPLYGY – PARAHATÇYLYGYŇ KÄMIL KEPILI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda Türkmenistan ýurdumyz gülleýär, gül açýar. Şu ýyl ata Watanymyz Türkmenistan özüniň Bitaraplyk baýramynyň şanly 30 ýyllygyny dabaraly belläýär. Bitaraplyk – bu diňe biziň ýurdumyzda däl, eýsem beýleki ýurtlar bilen parahatçylykly, dost-doganlykly, hoşniýetli gatnaşyklaryny ýola goýýan kämilligiň kepilidir. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň her bir güni ajaýyp ýeňişlere, toýdur baýramlara beslenýär. 

Golaýda Daşoguz welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat we şäher Geňeşleri, Daşoguz welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi bilen bilelikde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işjeň agzalarynyň gatnaşmaklarynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylyny we baky Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyny dabaralandyrmak hem-de üstümizdäki ýylyň 4-8-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň taryhy ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen «Türkmen Bitaraplygy – parahatçylygyň kämil kepili» atly maslahat geçirdiler.

Maslahata gatnaşanlar Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyny hem-de üstümizdäki ýylyň 4-8-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň taryhy ähmiýetini belläp geçdiler.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Wepa ESENOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar

guramasynyň Daşoguz welaýat

Geňeşiniň  hünärmeni.

Meňzeş habarlar