13–26-njy iýul aralygynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň fransuz dili mugallymlary Fransiýanyň tebigy taýdan owadan ýerleriniň biri bolan Nissa şäherinde ýerleşen «Farnkofoniýa» dil merkezinde hünär ýokarlandyryş okuwyny geçdiler.
Çäre dünýäniň onlarça ýurtlaryndan – Russiýadan, Gazagystandan, Ermenistandan, Gresiýadan, Serbiýadan, Lýuksemburgdan, Hindistandan, Italiýadan, Germaniýadan hem-de ençeme beýleki ýurtlardan fransuz dili mugallymlary bir ýere jemledi.
Türkmen toparynyň düzümine Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, şeýle hem Türkmenistandaky Fransuz institutynyň mugallymlary girdiler.
Hünär ýokarlandyryş döwründe oňa gatnaşyjylar üçin mugallymçylyk işini kämilleşdirmäge, hünär derejesini ýokarlandyrmaga, bilimleri çuňlaşdyrmaga, mugallymlaryň hünär başarnyklaryny we ukyplaryny ösdürmäge gönükdirilen yzygiderli okuwlar guraldy.
Mugallymlar üçin bilim maksatnamasy «Fransuz dilini okatmakda emeli aňyň ulanylyşy», «Fransuz dili sapaklarynda aýdym-saz-teatr pedagogikasynyň usullarynyň ulanylyşy», «Oýun görnüşinde leksikanyň we grammatikanyň okadylyşy» ýaly temalar hem-de beýlekiler boýunça 16 ugurlara bölündi.
Mugallymlara hödürlenilenlerden islegine görä saýlan ugurlarynyň birnäçesi boýunça okuw geçmek teklip edildi. Okuwlaryň dowamynda talyplara okuw geçmek işinde sanly tehnologiýalaryň we emeli aňyň ulanylmagyna, şeýle hem bu ugurda öňdebaryjy iş-tejribeleriň garalmagyna aýratyn üns berildi. Okuwlar fransuz dilli ýurtlardan – Şweýsariýadan, Belgiýadan, Kanadadan we beýlekilerden çagyrylan mugallymlaryň ýolbaşçylygynda geçdi.
Hünär ýokarlandyryş okuwynyň maksatnamasy, şeýle hem «Açyk asmanyň astynda umumy okuwlary» – «Frankofoniýa» dil merkeziniň esaslandyryjysy we direktory Ýan Libratiniň geçen medeni-bilim maksatly gezelenjini özünde jemledi. Nissanyň hem-de onuň ýakynyndaky şäherleriň gözel ýerleri bilen mazmunly gezelenjiň dowamynda mugallymlar fransuzlaryň medeni aýratynlyklary, milli däp-dessurlary, fransuz diliniň taryhy bilen tanyşdylar. Şeýle hem halkara derejeli, BMG-niň we beýleki halkara guramalaryň dilleriniň biri hökmünde onuň häzirki zaman ösüşini we täsirini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem bu babatda mugallymçylyk maksatly arabaglanyşyk bilen fransuz dilini mundan beýläk-de wagyz etmek, saklamak we berkitmek baradaky meselelere garaldy.
Hünär ýokarlandyryş okuwlary tamamlanandan soň, mugallymlara degişli güwänamalar gowşuryldy.
Nissadaky duşuşyk uly, dostluk we owadan gala-konsert bilen tamamlandy. Konsertiň dowamynda oňa gatnaşyjylar sungatyň dili bilen öz ýurtlarynyň taryhynyň hem-de medeniýetiniň gözelligini we baýlygyny beýan etdiler. Türkmen topary tomaşaçylara Türkmenistanyň däp-dessurlaryna we medeniýetine bagyşlanan tanyşdyrmany, şeýle hem ajaýyp we özboluşly milli tansymyz bolan küştdepdini görkezdi. Çykyşlar konserte ýygnanan tomaşaçylary haýrana goýdy we begendirdi.
Mugallymlar üçin hünär ýokarlandyryş ýa-da «Frankofoniýa» dil merkeziniň wekilleriniň ony atlandyryşy ýaly «Tomusky uniwersitet» her ýyl geçirilýän çäredir. Daşary ýurt dili hökmünde fransuz dilini okatmaga ýöriteleşdirilen Nissadaky okuw mekdep mugallymlar, talyplar üçin okuwlary, fransuz dili boýunça DELF we DALF ýaly halkara synaglaryna taýýarlanmak üçin ýöriteleşdirilen maksatnamalary, şeýle hem fransuz dilinde işewürligi alyp barmaga niýetlenen okuwlary hödürleýär.
«Frankofoniýa» dil merkezinde türkmen mugallymlary üçin okuwlar Fransiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy hem-de ýurdumyzyň Bilim ministrligi tarapyndan 2025-nji ýylda bellenilýän şanly sene – Türkmenistanda fransuz diliniň okadylmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ilkinji gezek guraldy. Fransiýanyň Prezidenti Fransua Mitteranyň Türkmenistana bolan ilkinji saparyndan başlap, 1994-nji ýylyň aprelinde fransuz diliniň öwrenilmegi ýurdumyzda ýokary we orta bilim maksatnamasynyň möhüm düzüm bölegine öwrüldi. Bu uly waka türkmen-fransuz gatnaşyklarynyň ösüşiniň taryhynda hem-de medeniýetleriň arasyndaky gatnaşyklarda aýratyn ähmiýete eýedir.
Her ýyl mart aýynda hemme yklymlarda bar bolan Halkara Frankofoniýa Guramasyna agza döwletler bilen bilelikde Türkmenistan Frankofoniýa baýramyny giňden belleýär. Şu ýyl ýurdumyzda Frankofoniýa baýramy hem-de onuň ähli çäreleri «Türkmenistanda fransuz dilini okatmagyň 30 ýyly» diýen tema bagyşlandy.
Fransuz dilini okatmagyň şanly senesiniň baýram edilmegi Türkmenistanda medeni alyşmalara, Fransiýa hem-de ähli fransuz dilli dünýäsi bilen bilim we dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berilýändigini ýüze çykarýar.
turkmenistan.gov.tm