ÝAŞLAR GIRIŞ SYNAGLARYNA TAÝÝARLANÝARLAR

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda bilim ulgamy yzygiderli kämilleşýär. Mähriban Diýarymyzda döwrebap mekdepler, çagalar baglary, täze ýokary okuw mekdepleri açylyp ulanylmaga berilýär. Öň bar bolanlaryň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar. Ulgama iň döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Bilim edaralary döwrebap kompýuterler, multimedia enjamlary bilen doly üpjün edilýär. Elektron bilim çeşmelerinden peýdalanmaga mümkinçilikler döredilýär. Netijede milli bilim ulgamynyň hili ýokarlanýar.

Bütin dünýäde tehnologiýalaryň çalt depginde ösmegi we durmuşymyza giňden ornaşmagy olardan başy çykýan ýokary bilimli hünärmenleriň gerekdigini görkezdi. Geljekde şeýle hünärmenleri terbiýeläp ýetişdirmek üçin ýurdumyzda ähli zerur çäreler görülýär.

Häzirki gün ýaşlarymyz dünýäniň iň ösen, owadan şäherleriniň biri hasaplanýan paýtagtymyzda ýerleşýän abraýly ýokary okuw mekdeplerinde iň döwrebap şertlerde bilim alyp bilýärler. Bu bilim ojaklarynda olaryň tehnologiýalary giňden öwrenip we özleşdirip bilmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilendir.

Şu günler bagtyýar ýaşlarymyz ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmäge taýýarlyk görýärler. Zerur resminamalary tabşyryp, giriş synaglaryna taýýarlanýarlar. Olaryň durmuşynyň bu heýjanly, bagtyýar pursatlarynda öňde goýan maksatlaryna ýetmeklerini arzuw edýäris.

 

Sähragül IŞANOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar

guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar