GEÇMIŞDEN GELJEGE ÝAGTY ÝADYGÄR – MEDENI MIRASYM DÜNÝÄ ÝAŇ SALÝAR

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň hem-de welaýatyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bilelikde guramagynda «Geçmişden geljege ýagty ýadygär – medeni mirasym dünýä ýaň salýar» atly gezelenç çäresini gurady. Ilkinji ýaşlar guramasynyň işjeň agzalarynyň gatnaşmagynda guralan gezelenç diýseň gyzykly hem täsirli boldy. Gezelenç çäresine gatnaşanlar halkymyzyň ruhy, medeni gymmatlyklary, türkmen döwletiniň şöhratly taryhynda yz galdyran beýik şahsyýetlerimiziň durmuş ýoly, bitiren hyzmatlary, milli däp-dessurlarymyz, ýurdumyzda gurulýan önümçilik we durmuş maksatly döwrebap desgalardyr binalar dogrusynda gürrüň berýän maglumatlar, suratlar, milletimiziň şanly geçmişi barada söz açýan arheologik tapyndylar bilen ýakyndan tanyşdylar.

Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz taryhy ýadygärliklerimize ony içgin öwrenmäge giň ýol açdy. Şeýle mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanýan taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň işgäri gezelenç çäresine gatnaşýan ýaşlara ýurdumyzda bar bolan taryhy ýadygärliklerimiz barada, ony geljekki nesillerimize baýlaşdyryp ýetirmek taryhy öwreniş muzeýiniň agzybir işgärleriniň paýyna düşýär diýip öz sözünde buýsanç bilen belledi. Gezelençde ýaşlar muzeý gymmatlyklaryna syn edip, olar hakynda ençeme maglumatlary öwrendiler. Ýaşlar muzeýde türkmen halkynyň şöhratly geçmişi barada özlerini gyzyklandyrýan soraglara jogap tapdylar. Ýaşlarymyz üçin baý medeni gymmatlyklarymyz bilen tanyş bolmaga, öwrenmäge mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýdyp olaryň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt  bähbitli tutumly işleriniň hemişe rowaçlanmagyny arzuw etdiler.

Gülruh ATABAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň

Daşoguz şäher Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar