Häzirki döwürde dünýä jemgyýetçiliginde sanly tehnologiýalary durmuşa ornaşdyrmakda netijeli işler alnyp barylýar. Sanly ulgama geçmekde sanly bilim esasy orny tutýar. Şunda ylmyň iň täze gazananlaryna, bilim bermegiň döwrebaplaşmagyna, sanly tehnologiýalara aýratyn üns berilýär. Ilki bilen, bilim binýadynyň berkidilýänligi hem kämil hünärmenleriň taýýarlanylýandygy bilen berk baglanyşyklydyr. Sanly bilim ulgamynyň ösdürilmegi bu ugurda kämil hünärmenleriň hem kämilliginiň ähmiýetini beýan edýär.
Sanly bilim ösen tehnologiýalaryň üsti bilen amala aşyrylyp, wagtyň tygşytlanmagyna, maglumatlary tiz öwrenmäge mümkinçilik döredýär. Şol sanda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde saýtlar, portallar döredildi. Şeýle mümkinçilikler talyp ýaşlar üçin gündelik nazary we tejribe sapaklarynda alýan bilim maglumatlarynyň üstüni özbaşdak doldurmaga, sapakdan daşary özlerini gyzyklandyrýan maglumatlary öwrenmäge ýardam edýär. Bu saýtlar we torlar daşary ýurt ýokary okuw mekdepleri bilen sanly ulgam arkaly birikmäge, özara okuw sapaklary we ylmy maslahatlary gurnamaga mümkinçilik berýär.
Konsepsiýanyň esasynda sanly bilim portallary, dersler boýunça ýörite elektron okuw kitaplary, okuw gollanmalary, wideo-audio materiallar, interaktiw-multimedia programmalary işlenilip düzülýär.
Döwletgeldi GUWANJOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.