ÝAŞLAR ÜNS MERKEZINDE

2025-nji ýylyň awgust aýynyň 4 — 8-i aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty geçirildi.

Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlamagy we hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda, ýurdumyzda ýaşlar syýasatyna aýratyn üns berilýär. Muňa öňde ady agzalan maslahatyň çäklerinde 2025-nji ýylyň 4-nji awgustynda 32 döwletden wekilleriň gatnaşmagynda, Ýaşlar forumynyň guralmagyny mysal hökmünde görkezmek bolar.

Forumyň dowamynda özara maslahatlaşmalar we geňeşmeler esasynda taýýarlanylan Ýaşlar jarnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy we kabul edildi. Forumyň işine gatnaşan BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň Baş sekretary Rabab Fatimanyň ýaşlaryň özgertmeleriň we innowasiýalaryň hereketlendiriji güýjüdigini, olaryň pikirleriniň we parahatçylyga ymtylmalarynyň öz ýurtlarynyň ýüzbe-ýüz bolýan meselelerini ýeňip geçmekde möhüm orun eýeleýändigini bellemegi we türkmen tarapyna dabaraly ýagdaýda Ýaşlar jarnamasyny gowşurmagy aýratyn ähmiýetli pursatlar boldy.

Forumyň çäginde guralan «Ýaşlar üns merkezinde: Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň geljegi üçin köprüleri gurmak» atly mejlisde häzirki zaman dünýäsinde ýaşlaryň eýeleýän esasy ornuna ünsüň çekilendigini aýratyn belläp geçmek bolar. Mejlisde bellenilip geçilişi ýaly, ýaşlaryň döwrebap bilim almaga hukuklaryny üpjün etmek, olaryň mümkinçiliklerini giňeltmek inklýuziw ösüş üçin möhüm ädim bolup durýar.

Mejlisde ýaş telekeçileriň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, galyndylary gaýtadan işlemek ulgamlary we ekologiýa taýdan arassa önümler ýaly durnukly tehnologiýalary döretmäge gönükdirilen startaplary işläp taýýarlaýandyklary we durmuşa geçirýändikleri bellenildi. Mejlisde Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň geljegi bilen baglylykda, ýaşlaryň hukuklarynyň we mümkinçilikleriniň giňeldilmeginiň inklýuziw ösüşi gazanmagyň möhüm strategiýasy bolup durýandygy hakynda çykyşlar giň gerime eýe boldy. Mejlise gatnaşanlaryň bir pikire gelişleri ýaly, ýaşlaryň çözgütleri kabul etmek işine bilelikde gatnaşmagy, bilime elýeterliligiň üpjün edilmegi we telekeçiligiň goldanylmagy durnukly geljek üçin zerur şertleri döreder.

Forumyň dowamynda «Landlinked» sergisiniň açylyşy we «Landlinked Fellowship» maksatnamasynyň agzalaryna baýraklary gowşurmak dabarasy hem boldy.

Güýçmyrat ÝAGŞYÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat

Geňeşiniň başlygynyň w.w.ýe.ýe.

Meňzeş habarlar

11 Awgust 2025 | 108 okalan

ÝAŞLAR ÜNS MERKEZINDE

11 Awgust 2025 | 144 okalan

YKLYMLARY BIRLEŞDIREN MASLAHAT

11 Awgust 2025 | 51 okalan

SANLY BILIM MÜMKINÇILIKLERI