MILLILIGIMIZI WASP EDÝÄN BÄSLEŞIK GEÇIRILDI

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň guramagynda «Arzuw» çagalar dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda türkmeniň milli el işlerini aýdyň açyp görkezmek maksady bilen «El hünäri – il gezer» atly şygar bilen bäsleşik geçirildi.

Bäsleşikde çagalar türkmeniň gadymdan gelýän däp-dessurlaryny açyp görkezmek üçin gadymy keçelerimizi, alajalarymyzy, haly dokamak, şeýle-de ýaka etmek ýaly keşdeler bilen bäsleşdiler. Tapawutlanan çagalar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar.

Bäsleşige gatnaşan çagalar şular ýaly türkmeniň milliligini öwrenmäge, aýdyň açyp görkezmäge giň mümkinçilikleri döredip berýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýtdylar.

Güýçmyrat ÝAGŞYÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat

Geňeşiniň başlygynyň w.w.ýe.ýe.

Meňzeş habarlar

13 Awgust 2025 | 33 okalan

DÖWLETLI IŞLER – RUHUBELENT ÝAŞLAR

13 Awgust 2025 | 22 okalan

AHLAK PÄKLIGI

13 Awgust 2025 | 11 okalan

KITAP BILIMIŇ ÇEŞMESI