BIR PERDEDEN GOPÝAN AJAÝYP SAZLAŞYK

Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy bilen «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilelikde bellenilýär. Bu baýramçylyklaryň bir günde bellenilmegi, olaryň bitewüligi ynsana ruhy joşgun berip, köňülleri heýjana salýanlygyndadyr. Şygryň hem mukamyň bir perdeden gopup, ajaýyp sazlaşygy emele getirýänligindedir. Asyrlaryň, döwürleriň hem ömürleriň şahyry Magtymguly Pyragyny geçmişde pederlerimiz okap, öwrenip, aýdym edip ýaşan bolsa, bagtyýarlyk döwründe ol edebi mirasymyzyň has-da gymmatly çeşmeleriniň birine öwrülip, ajaýyp günlerimize özboluşly röwüş çaýýar. Akyldar şahyryň pähim-parasada ýugrulan şygyrlary ýurdumyzyň medeniýet, sungat we döredijilik işgärleriniň, alymlarynyň çuň yhlasy bilen nesilden-nesle geçip gelýär. Nusgawy şahyrymyzyň döredijiligi içgin öwrenilip, ony dünýä ýaýmak babatda giň möçberli işler alnyp barylýar. Külli türkmeniň şahyry hökmünde beýik söz ussadymyzyň at-owazasy bütin dünýä dolýar. Bu günki gün diňe türkmen ykbalyny däl, eýsem, bütin dünýäniň nusgawy şygryýetini hem Magtymgulysyz göz öňüne getirip bolmaýar diýsek, hakykatdan daş düşmeris. Magtymguly atamyzyň eserleri dünýä dillerine terjime edilýär. Daşary döwletleriň ençemesinde beýik söz ussadynyň heýkeli oturdyldy. Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň Priwolžsk raýonynyň Funtowo obasynda türkmen telekeçileri tarapyndan gurlan täze döwrebap orta mekdebe beýik şahyryň adynyň dakylmagy bolsa taryhy ýylyň şanly wakalarynyň biridir.

Magtymgulynyň şygyrlary ýatlanylanda, ýaşuly neslimiz «Magtymgulynyň aýdyp geçmedik zady ýok» diýip dillenýär. Hakykatdan-da, dana akyldaryň şahyrana dünýäsi diýseň giň. Onuň goşgularynda watansöýüjilik, gaýduwsyzlyk, zähmetsöýerlik, dost-doganlyk, belent adamkärçilik duýgulary eriş-argaç bolup geçýär. Ol öz ýaşap geçen döwrüniň şatlyk-begenjini, gaýgy-gussasyny, arzuw-hyýallaryny goşgy setirlerine siňdirip bilen şahyr. Şahyryň Watany söýmek, ene-atany arzylamak, halal zähmet çekmek baradaky şygyrlarynyň ýaş nesilleriň terbiýesinde uly ähmiýeti bardyr.

Hormatly Prezidentimiziň: «Magtymguly Pyragy tämiz ruhly, sagdyn ahlakly, şirin zybanly ajaýyp şygyrlary miras galdyran akyldar şahyrdyr» diýip belleýşi ýaly, türkmen edebiýatyna hiç wagt ýitmejek şan-şöhrat getiren beýik söz ussadynyň şygyrlaryny ýaş nesil söýüp okaýar, öwrenýär we ruhy goldaw tapýar.

Goý, Gahryman Arkadagymyzyň peşgeş eden bagtyýar zamanasynda, agzybir, döwletli türkmen ojaklarynda goşa-goşadan gelýän şeýle uly tutumly toýlar toýa ulaşsyn!

Arzuw RAHMANOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kerki etrap Geňeşiniň başlygy.

“Nesil” gazeti,

15.06.2019ý.

Meňzeş habarlar

22 Oktýabr 2025 | 130 okalan

GÖWÜN SÖÝEN GÜÝZÜM