Türkmen topragy müňýyllyklaryň dowamynda dürli medeniýetleriň we söwda ýollarynyň çatrygy bolupdyr. Ýurdumyzyň çäginde söwda kerwenleriniň düşlemegi üçin birnäçe galalar we kerwensaraýlar bolanlygy mälimdir. Şolaryň iň meşhurlarynyň biri hem Amyderýanyň sag kenarynda ýerleşýän Amul galasydyr. Bu ýer diňe bir Türkmenistanyň gadymy şäherleriniň biri bolman, eýsem, Beýik Ýüpek ýolumyň möhüm söwda merkezi hökmünde hem giňden tanalypdyr.
Amul şäheri häzirki Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň çäginde ýerleşýär. Ol Amyderýanyň kenarynda ýerleşýändigi sebäpli hem söwda, hem harby taýdan örän amatly ýerde ýerleşipdir. Gadymy şäher suwly çuň garym bilen gurşalan giň inedördül çig kerpiçden salnan gala bolupdyr. Galanyň içinde meýdança, esgerleriň ýatakhanalary, azyk ammarlary, jaýlar we owadan bagly köşk ýerleşipdir. Amul halkara söwdanyň iň iri merkezleriniň biri bolupdyr. Bu şäheriň üsti bilen Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm söwda ugurlary geçipdir. Söwda ýollaryndan başga-da, bu ýerden Eýrana, Gündogar Ýewropa barýan ýollar bolupdyr.
Häzirki wagtda Amul galasynyň ýerleşýän ýeri döwlet tarapyndan taryhy-medeni ýadygärlik hökmünde goralýar. 2024-nji ýylda “Beýik Ýüpek ýoly: Zarawşan – Garagum geçelgesiniň” çägindäki Amul galasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi onuň dünýä medeniýetiniň hem möhüm bölegidigini subut edýär.
Amul galasy türkmen taryhynyň şöhratly sahypalarynda ýer alan taryhy gymmatlykdyr.
Aziz ROZUMYRADOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welayat Geňeşiniň
Umumy bölüminiň müdiri.