Düýn hormatly Prezidentimiziň bimöçber tagallalary bilen Ahal welaýatyndaky Owadandepe senagat zolagynda gurlan dünýäde ýeke-täk tebigy gazdan benzin öndürýän zawod açyldy.
Milli ykdysadyýeti toplumlaýyn senagatlaşdyrmakda ýangyç-energetika toplumynyň önümçilik kuwwatyny artdyrmak möhüm ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 10-njy ýanwarynda Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Owadandepede gurlan täze, tebigy gazdan benzin öndürjek zawodyň işiniň aýratynlyklary, alnyp barylýan işler bilen tanyşdy we täze önümçilik desgalarynyň goýberiş-sazlaýyş işleriniň başlamagyna ak pata berdi. Ine, düýn 28-nji iýunda Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermegi bilen, tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň açylyş dabarasy boldy. Iri maýa goýum taslama milli ykdysadyýetiň nebit-gaz toplumynyň eksport mümkinçiliklerini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek ýolunda uly ähmiýete eýedir. Taslamanyň täsinligi dünýä tejribesinde ilkinji gezek senagat möçberinde tebigy gazdan sintetiki awtomobil ýangyjy öndürilmegidir. Tebigy gazdan benzin öndürjek bu döwrebap toplumyň gurulmagy bilen, şeýle önümçiligiň, dünýäde ilkinjileriň hatarynda biziň ýurdumyzda başynyň başlanýandygy kalplara çäksiz buýsanç bagyşlaýar.
Halkymyzyň «mawy altyn», «gara altyn» diýip sarpa goýýan baýlyklary bolan tebigy gazyňdyr nebitiň barha senagatlaşýan gymmaty dünýäde has-da artýar. Dünýä bazarynda isleg bildirilýän uly önümçilikleriň ykbaly şu tebigy baýlyklar bilen baglanyşykly bolup durýar. Ahal welaýatynda gurlan tebigy gazy suwuk ýagdaýa öwürýän desga geljegi uly önümçilikleriň biridir. Dünýäniň meşhur önüm öndürijileriniň, şol sanda Daniýanyň «Haldor Topsoe» kompaniýasynyň täze enjamlary we öňdebaryjy tehnologiýalary bilen üpjün edilen bu toplumda her ýylda 1 milliard 785 million kub metr gaz gaýtadan işleniler. Kärhanada Euro-5 standarty boýunça ýokary ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän benziniň bir gije-gündiziň dowamynda 1800 tonnasy, ýylda 600 müň tonnasy öndüriler. Şeýle-de toplumda ýylda arassalanan dizel ýangyjynyň 12 müň tonnasy, suwuklandyrylan gazyň bolsa 115 müň tonnasy öndüriler. Bu bolsa zerur önümiň içerki islegi kanagatlandyrmak bilen bir hatarda, eksport kuwwatyny pugtalandyrmaga goşant goşjakdygyny görkezýär. Prezident Maksatnamasyna laýyklykda, 2019-njy ýylda bu önümiň 331,2 müň tonnasyny, 2020-nji ýyldan başlap bolsa, 600 müň tonnasyny öndürmek meýilleşdirilýär.
Ýurdumyz tebigy gaz we çig nebit ýaly ilkinji energiýa serişdeleri bazarynda öz ornuny giňeltmek bilen bir hatarda nebithimiýa, gazhimiýa önümçilikleriniň has girdejili bazaryndada mynasyp orun eýelemegine täsir edýän täze innowasiýalara esaslanýan önümçiliklere iri maýa goýumlary gönükdirýär. Owadandepede gurlan bu senagat desgasy tebigy gazy gaýtadan işlemegiň esasynda ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa benzin öndürýän dünýäde ilkinji gazhimiýa toplumy bolar. Şeýle desgalar tebigy gazy has düýpli we toplumlaýyn gaýtadan işlemäge, ondan alnan önümleriň eksportdaky paýyny artdyrmaga aýratyn ähmiýet bermek bilen gurulýar.
Kuwwatly gazhimiýa toplumy ýapon we dünýä tejribeleriniň ösen nusgalary esasynda gurlandyr. Umumy bahasy ABŞ-nyň 1 milliard 700 million dollaryna barabar bolan bu taslamany «Türkmengaz» döwlet konserni hem-de Ýaponiýanyň «Kawasaki Heavy Industries Ltd» kompaniýasy durmuşa geçirdi. Täze önümçilik üçin «mawy ýangyç» «Gündogar — Günbatar» gaz geçirijisinden alynýar. «Şatlyk» gaz ýatagyndan Hazaryň etegindäki Belek gaz gysyjy stansiýasyna çenli barýan bu gaz geçiriji täze zawodyň golaýyndan geçip gidýär. Bu ýerde taýýar önümi sarp edijilere ugratmak üçin demir we awtomobil ýollarynyň gurulmagy işleriň toplumlaýyn häsiýete eýedigini görkezýär.
Kuwwatly gazhimiýa toplumynyň gurluşygynda ýaşlaryň müňlerçesi zähmet çekdi, ine, indi bu desganyň doly güýjünde işe başlamagy bilen, bu ýerde dürli ugurlar boýunça degişli okuwlary geçen ýaş hünärmenleriň ençemesi zähmet ýoluna başlar. Bu ýerde işleriň başlamagy bilen, ýüzlerçe täze iş orunlary dörediler. Täze önümçilik düzümleriniň işe girizilmegi milli ykdysadyýetimizi çalt depginlerde senagatlaşdyrmak boýunça meseleleri üstünlikli çözmäge wajyp goşant goşar.
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, täze innowasiýalara, ylmyň iň soňky gazanylanlaryna esaslanýan senagat pudaklarynyň, täze önümçilikleriň sany barha artýar. Çünki eziz Watanymyz täze önümçilikleriň döremegine giň mümkinçilik berýän çig mallaryň dürli görnüşine we baý möçberine eýedir. Himiýa, nebit we gazhimiýa senagatynyň, gurluşyk we beýleki pudaklaryň binýatlaýyn esasy bolan tebigy gazyň, nebitiň, mineral çig mal serişdeleriniň dürli görnüşdäki uly ýataklary senagat taýdan özleşdirmäge degişlidir. Prezident Maksatnamasyna laýyklykda, 2021-nji ýylda Türkmenabadyň himiýa zawodynyň senagat meýdançasynda her ýylda 300 müň tonna konsentrirlenen fosfor dökünlerini öndürýän kärhanany işe girizmek üçin düýpli maýa goýumlaryny özleşdirmek göz öňünde tutulýar. 2022-nji ýylda Mary şäherinde 300 müň tonna ammiak we 450 müň tonna karbamid öndürýän toplumyň gurluşygyna girişiler.
Ine, şeýle taslamalar häzirki döwürde gaýtadan işlemek arkaly täze önümleri öndürmegiň milli senagatyň möhüm ugurlarynyň birine öwrülýändigini görkezýär. Bu ugur nebiti, tebigy gazy fiziki-himiki usul arkaly dürli sintetiki organiki önümlere öwürmek bilen baglanyşyklydyr. Innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen şeýle desgalaryň gurlup, ulanmaga berilmegi halk hojalygynyň dürli pudaklarynda işläp bilmäge ukyply, giň profilli tehnolog hünärmenlere bolan islegiň hem artmagyna getirýär.
Ýakynda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen, «Türkmenistanda ýaşlary zähmet bazaryna uýgunlaşdyrmagyň we olaryň iş bilen üpjünçiligini kämilleşdirmegiň maksatnamasy» tassyklanyldy. Dürli ugurlarda işlemäge ukyply edilip guralýan taýýarlyklar geljekki hünärmenleriň ýurdumyzyň dürli kärhanalarynda işläp bilmegine mümkinçilik berýär. Taýýarlanýan ýaş hünärmenleriň derejesiniň has ýokary bolmagyny gazanmak maksady bilen, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň binýadynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň «Organiki däl maddalaryň himiki tilsimaty» hünäri boýunça ýöriteleşdirilen kafedra açyldy. Ýokary derejeli hünärmenler her okuw ýyly üçin kafedranyň ýyllyk meýilnamasy, mugallymlaryň şahsy hasapnamalary, dersler boýunça işçi meýilnamalar işlenip düzülýär we olara laýyklykda okuw we tejribe sapaklary geçirilýär. Şeýle hem talyplarymyz Himiýa institutynyň hünärmenleriniň ýolbaşçylygynda diplomdan öňki tejribeligi geçirip, dürli ugurlardan kafedralarda diplom işlerini ýerine ýetirýärler.
Institutda okuw otaglarynda elektron enjamlaryň kömegi bilen sapaklary geçmek mümkinçiligi bar.
Şeýlelikde, iň ýokary tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan, iň täze ylmy gazananlary özünde jemleýän toplumlaryň gurlup, ulanmaga berilmegi ýaşlaryň hünär taýýarlyklarynyň ýokarlanmagyna, täze, döwrebap hünärleri ele almaklaryna, ylmyň täze gazananlaryny ýakyndan öwrenmeklerine bolan talaplary artdyrsada, bu gün talaplary üpjün etmäge ukyply bilim we ylym ojaklarymyzyň, ösen adam maýasynyň hem ýeterlikdigi guwandyryjydyr. Ýokary innowasiýalar we çylşyrymly tehnologiýalar asyry bolan XXI asyrda Gahryman Arkadagymyzyň döredip berýän uly mümkinçiliklerini doly peýdalanmak bilen, ýaşlar her bir işe has-da döredijilikli çemeleşmäge çalyşýarlar. Milli Liderimiziň badalga berýän täze özgertmeleri, täze desgalary ylma, bilime hyjuwly zehinli ýaşlary ruhlandyrýar, olara milli tebigy baýlyklarymyzy özleşdirmekde döredijilikli işlemäge giň ýol açýar. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlary hemişe rowaçlyklara beslensin!
Ahmet BABAÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy.
“Nesil” gazeti,
29.06.2019ý.