Ýakynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda «Bilimli ýaşlar – kuwwatly Watan» atly şygar astynda ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa akademiýanyň professor mugallymlary, bagtyýar talyp ýaşlary hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatda täsirli çykyşlar edilip, olarda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen işjeň durmuşa geçirilýän ylym-bilim pudagyndaky özgertmeler, şol sanda sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherinde ýaş nesilleriň döwrebap bilim-terbiýe almagy, ylym bilen meşgullanmagy babatda döredilýän mümkinçilikler dogrusynda täsirli gürrüňler edildi. Soňra ylmy-amaly maslahat bölümçelerde dowam etdi.
Orazgeldi ATAHALLYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň
Geňeşiniň baş buhgalteri.