Her ýylyň 1-nji sentýabrynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde uly ruhubelentlik bilen bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň möhüm baýramlarynyň biridir. Bu senäniň ähmiýeti ýurdumyzda bilim ulgamynyň ösdürilmegine berilýän aýratyn ünsde, ýaş nesliň bagtyýar geljegini üpjün etmäge gönükdirilen döwlet syýasatynda öz aýdyň beýanyny tapýar.
Bilimler güni täze okuw ýylynyň başlanýan pursady bolmak bilen, müňlerçe mekdep okuwçylary we ýokary okuw jaýlarynyň talyplary üçin bilim öwrenmegiň, täze maksatlara ýetmegiň badalgasydyr. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda bilim ulgamyny kämilleşdirmek, döwrebap tehnologiýalar esasynda okatmak, sanly bilim ulgamyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan giň möçberli işler ýaşlaryň dünýä derejesindäki bilim-terbiýe almagyna giň mümkinçilikleri döredýär.
Täze okuw ýylynyň ilkinji güni ýurdumyzyň ähli mekdeplerinde we okuw jaýlarynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly ady bilen dabaraly sapaklar geçirilýär, ýurdumyzyň taryhy, milli mirasy, häzirki döwrüň ösüşleri we geljekki belent maksatlary barada ýaş nesle öwüt-ündewler berilýär. Bu däp Bilimler gününiň diňe bir baýramçylyk däl, eýsem, ýaşlary watançylyk, zähmetsöýerlik we döredijilik ruhunda terbiýelemegiň möhüm ýoludygyny görkezýär.
Bilim döwletimiziň ykdysady, medeni we jemgyýetçilik ösüşiniň berk binýadydyr. Ýaşlaryň bilimli, döwrebap pikirlenýän, giň dünýägaraýyşly we Watana wepaly şahslar bolup ýetişmegi ýurdumyzda alnyp barylýan beýik özgertmeleriň üstünlikli dowam etmeginiň kepilidir.
Bilimler güni mynasybetli ähli okuwçylary, talyplary, mugallymlary we bilim ulgamynyň işgärlerini tüýs ýürekden gutlap, olara täze okuw ýylynda döredijilikli işlerde üstünlikler arzuw edýäris.
Mekan AMANLYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Arkadag şäheriniň Geňeşiniň başlygy.