Adamzat taryhynyň irki döwürlerinden bäri adamlar daş-töweregindäki zady diňe peýdaly ulanman, eýsem gözelleşdirmegi hem isläpdir. Şol gözellik islegi bilen ýüze çykyp, müňlerçe ýyllap dowam edip gelýän sungatlaryň biri hem — zergärçilik sungatydyr.
Gymmat bahaly we ýönekeý metallardan, daşlardan, beýleki materiallardan bezeg şaýlaryny ýasamak sungaty diňe bir bezeg üçin däl, eýsem halklaryň medeniýetiniň, dininiň, durmuş ýörelgesiniň hem-de aň-düşünjesiniň beýany hökmünde hem aňladylýar.
Has gadymy döwürlerden başlap, zergärçilik sungaty dünýäniň dürli künjeklerinde örän gadymdan bäri giňden ýaýrapdyr. Arheologik gazuw-agtaryş işleri bize müňlerçe ýyl ozal ýaşan halklaryň hem altyn, kümüş, daşlar bilen bezeg şaýlaryny ýasandygyny görkezýär. Muňa birnäçe mysallary getirsek, Müsürde faraonlaryň altyn täçleri, halkalary, Horus guşunyň şekili şekillendirilen şaý-sepler bar. Şeýle hem Mesopotamiýada altyndan we lazurit daşyndan ussatlyk bilen ýasalan ýüzükler bar. Ata Watanymyz Türkmenistanda hem Gadymy Marguş we Merw medeniýetlerinde altyn-kümüş şaý-sepleri gelin-gyzlarymyzyň gözelligine goşant goşmakda we başga-da birnäçe maksatlar üçin giňden ulanylypdyr.
Milli mirasymyz bolan türkmen halkynyň zergärçilik sungaty özboluşlylygy, çuň manyly bezegleri we çeperçiligi bilen dünýä ýüzünde tanalýar. Altyndan we kümüşden ýasalýan gülýaka, bilezik, gupba, kökenli ýüzük, gulak halkasy ýaly gadymy zergärçilik önümlerimiziň her bir nagşynyň öz taryhy bolup, olar parahatçylyk, ösüş, abadançylyk, ýaşaýyş, topragyň bereketi ýaly düşünjeleri aňladýar.
Häzirki döwürde hem zergärçilik öz ähmiýetini ýitirmän dowam edýär. Bezeg şaýlaryna isleg barha artýar. Ol täze tehnologiýalar bilen utgaşýar. Dizaýn we milli nagyşlar birleşip, täze öwüşgin alýar.
Sülgün AGAJANOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Garagum etrap Geňeşiniň başlygy.