Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Hojambaz etrap Geňeşiniň etrap häkimligi bilen bilelikde guramagynda etrap häkimliginde “Halk Maslahaty — halkymyzyň röwşen geljegi” ady bilen söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda çykyş edenler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň esasy aýratynlygy, onda jemgyýetiň ähli gatlaklaryndan bolan, dürli kärdäki raýatlaryň öz pikir-garaýşyny beýan etmäge mümkinçiligi, Halk Maslahatynyň jemgyýetçilik guramalary hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde ýurdumyzy hemmetaraplaýyn üstünlikli ösdürmäge we halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen alyp barýan işleri hakynda aýratyn belläp geçdiler.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halky üçin beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Şöhrat KADYROW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Hojambaz etrap Geňeşiniň başlygy.