Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat we Wekilbazar etrap Geňeşleriniň hem-de Wekilbazar etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda etrabyň 1-nji çagalar bakja-bagynda «Çagalaryň şatlygy – dünýäniň abatlygy» atly aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.
Baýramçylyk çäresiniň dowamynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Wekilbazar etrap Geňeşiniň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni Hajar Garryýewa, etrabyň 1-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri Haltäç Ýusupowa hem-de aýdym-saz mugallymy Gülsenem Agaorazowa dagylar çykyş etdiler. Çagalaryň ýerine ýetiren ajaýyp aýdymlary, goşgulary we tanslary çärä gatnaşanlarda ýakymly täsir döretdi.
Baýramçylyk çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaş nesilleriň mynasyp bilim-terbiýe almagy, döredijilik bilen meşgullanmagy ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Döwlet BAÝRAMOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Mary welaýatynyň Wekilbazar etrap
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.