Her bir döwletiň geljegi bolan ýaşlaryň ruhy we beden taýdan sagdyn bolmagy, şol milletiň geljeginiň ýagty, ýurdunyň abadan, nesilleriniň dowamat-dowam boljakdygyna şaýatlyk edýär. Şol jähetden ugur alyp, hormatly Prezidentimiz döwlet başyna geçen ilkinji gününden başlap ýaşlarymyzy sagdyn ruhda terbiýelemegi, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda sagdyn jemgyýeti kemala getirmegi baş maksadyna öwürdi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň baş maksady myrat tapdy diýip, buýsançly aýdyp bileris. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň: «Garaşsyzlygymyzyň beýik gazananlaryny goramak, jemgyýetiň sagdynlygyna zelel ýetirýän ýaramaz endiklerden daşda durmak, ata Watanymyzy dünýäniň abadan we kuwwatly döwletleriň birine öwürmegiň hatyrasyna döredijilikli zähmet çekmek biziň ýaşlarymyzyň mukaddes borjudyr!» diýen parasatly nesihatlaryndan ugur alýan ýaşlar Watanymyzyň kuwwatyna saldamly goşant goşýarlar. Dünýä ýüzünde sagdynlygyň mekany hökmünde tanalýan Diýarymyzyň türgenleri halkara derejesinde geçirilýän ýaryşlarda Baýdagymyzy belentde parladyp, ýurdumyzyň at-abraýyny arşa göterýärler.
Hormatly Prezidentimiz: «Men geljekde döwletimiziň daýanjy boljak ýaşlara aýratyn ýüzlenýärin: akyl käsesi paýhasdan doly parasatly ýaşulularymyzyň öwüt-nesihatlaryna eýerip, öz öňüňizde belent maksatlary wezipe edip goýuň, nazary bilimleri we durmuş tejribelerini berk ele alyp, biziň ajaýyp ýurdumyzyň abadançylygynyň hatyrasyna ýadawsyz zähmet çekiň, mertebäňizi ýaşlykdan goraň!» diýip, ýaşlara uly ynam bildirýär. Olaryň ahlak terbiýesiniň hem kämil bolmalydygyny belleýär. Milli Liderimiz: «Ýaşlar — biziň geljegimiz, biz olary nähili terbiýelesek, biz olara näderejede bilim berip bilsek, ertirki gün şonuň netijesini-de göreris. Çünki şu günki gün ýaşlarymyz ylymly-bilimli, terbiýeli bolsalar, döwre we döwrüň syýasatlaryna doly we dogry düşünseler, onda biziň geljegimiz-de aýdyň bolar. Şeýle bolansoň ýaşlara öwüt-ündew hiç wagt hem artykmaçlyk edenok. Ýaşlarda watansöýüjilik duýgusyny ösdürmeklige hem olar hakda edilýän aladalaryň naýbaşysy hökmünde garaýaryn» diýip, ýaşlarymyza, ilkinji nobatda, Watana bolan söýgini güýçlendirmegi ündeýär. Çünki Watana söýgi — ene topraga söýgi, Watana söýgi — halkyňa söýgi, Watana söýgi — öz mähribanlaryňa söýgi. Şeýle beýik söýgä eýe bolan ynsanyň geljegi-de aýdyňdyr. Şeýle ogul-gyzlary bolan Watanyň özi-de beýikdir.
Gahryman Arkadagymyz ýaşlarymyzyň ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly kämil jemgyýetiň wekilleri bolup ýetişmekleri üçin ýurdumyzda giň özgertmeleri amala aşyrýar.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýerlerdäki wekilleri hökmünde ýaşlaryň arasynda bolup, yzygiderli watansöýüjilik, sagdynlyk, ruhubelentlik, ahlak we beden tämizligi ýaly dürli mowzuklar esasynda yzygiderli wagyz-nesihat duşuşyklaryny geçirýäris. Ýaşlary hormatly Prezidentimiz tarapyndan döredilýän mümkinçilikler bilen tanyşdyrmak, düşündirmek, zehinli ýaş nesilleri ýüze çykarmak, durmuşda saýlap alan zähmet ýoluna ugrukdyrmak biziň esasy borjumyzdyr. Gahryman Arkadagymyzyň biz — ýaşlara bildirýän uly ynamyny ödemek, döredijilikli zähmet çekmek baş maksadymyzdyr.
Biziň ýurdumyzda ýaşlara döredilýän giň gerimli mümkinçilikleriň ählisi ata Watanymyzyň ýagty geljegine, nesillerimiziň bagtyýar ýaşaýşyna gönükdirilýär. Bularyň ählisi geljege ynamly gadam urmaga ganatlandyrýar.
Gaýgysyz BAÝRAMOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň başlygy.
“Nesil” gazeti,
01.08.2019ý.