ÝOL HEREKETINIŇ KADALARYNY ÝERINE ÝETIRMEKLIK HEMMÄMIZIŇ BORJUMYZDYR

Ýakynda Aşgabadyň dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň guramagynda toplumyň Tikin fabriginde zähmet çekýän ýaş dokmaçylaryň gatnaşmaklarynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly bir aýlygyň çäklerinde «Ýol hereketiniň kadalaryny ýerine ýetirmeklik hemmämiziň borjumyzdyr» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Bu ýerde, ýurdumyzda ýol hereketiniň asudalygyny we howpsuzlygyny üpjün etmek, agyr ýol ulag hadysalarynda bolup geçýän heläkçilikleriň öňüni almak we olary düýpli azaltmak boýunça geçirilýän giň gerimli işler bilen bagly çykyşlara aýratyn uly orun berilip, ýaş dokmaçy gelin-gyzlaryň arasynda wagyz-nesihat işleriň yzygiderli geçirilýändigi bellenildi.

Wagyz-nesihat çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşanlar Türkmenistan döwletimizi erkana, parahat, bolelin durmuşda ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş we hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Nurjemal NEPESOWA,

Aşgabadyň dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky

Ilkinji Ýaşlar guramasynyň sanly ulgam

boýunça hünärmeni.

Meňzeş habarlar

03 Noýabr 2025 | 47 okalan

MAŞGALAM – BAŞ GALAM (Hekaýa)

31 Oktýabr 2025 | 168 okalan

MILLI MANADYMYZ — YKDYSADY GÜÝJÜMIZ