WAGYZ-NESIHAT MASLAHATY GEÇIRILDI

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň hem-de welaýat Polisiýa müdirliginiň bilelikde guramagynda Ak bugdaý etrabynyň ýöriteleşdirilen 45-nji orta mekdebiniň okuwçylarynyň gatnaşmagynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan wagyz-nesihat maslahaty geçirildi.

Maslahatda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň wekilleri okuwçy ýaşlara ýurdumyzda bolup geçýän taryhy ähmiýetli wakalar, ýaş nesiller hakda edilýän aladalar dogrusynda gürrüň berdiler.

Ahal welaýat Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň hem-de polisiýanyň ýol gözegçiligi bölüminiň wekilleriniň çykyşlarynda ýaşlaryň ýangyn howpsuzlygy boýunça düşünjelerini yzygiderli artdyrmak, ýol hereketiniň düzgünlerini doly we berk berjaý etmek bilen bagly täsirli gürrüňlere giň orun berildi.

Maslahadyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ata Watanymyzda ýaş nesliň bilimli, giň gözýetimli, berk bedenli, sagdyn ruhly şahsyýetler bolup ýetişmegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Annamuhammet GULOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Ahal welaýat Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdir.

Meňzeş habarlar

06 Noýabr 2025 | 21 okalan

PAGTAÇYLARA RUHY LEZZET PAÝLAN DABARA

04 Noýabr 2025 | 48 okalan

DUŞUŞYK GEÇIRILDI

01 Noýabr 2025 | 176 okalan

TARYHY WAKANYŇ ŞANYNA GEÇEN SÖHBETDEŞLIK