Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli ýurdumyzyň orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda biologiýa dersi boýunça olimpiadanyň jemleýji tapgyry hem-de ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.
Bäsleşigiň netijeleri boýunça Ahal welaýatynyň Tejen etrabyndaky ýöriteleşdirilen 33-nji orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Gyzylgül Muhammetnazarowa birinji orny eýeledi.
Ikinji orny Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 20-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Aýlar Esenowa bilen Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabyndaky ýöriteleşdirilen 15-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Güljahan Atamyradowa paýlaşdylar.
Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabyndaky ýöriteleşdirilen 19-njy orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Annarejep Kakamyradow, Mary welaýatynyň Ýolöten etrabyndaky ýöriteleşdirilen 40-njy orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Arzuw Seýitgulyýewa hem-de Ahal welaýatynyň Tejen etrabyndaky ýöriteleşdirilen 33-nji orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Döwletmyrat Nurmyradow üçinji baýrakly orna mynasyp boldular.
Sylaglanyş dabarasynyň dowamynda ýeňijilere degişli derejeli Diplomlar we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Bäsleşikde tapawutlanyp, mynasyp netijeleri görkezen okuwçylar Hormat hatlary we baýraklar bilen sylaglandylar.
Olimpiadanyň jemleýji tapgyrynyň maksatnamasynyň çäklerinde ýurduň ähli künjeklerinden paýtagta gelen okuwçylar üçin şäher boýunça gyzykly gezelençler hem-de Aşgabadyň gözel ýerlerinde medeni-dynç alyş, tanyşdyryş çäreleri guraldy.
Mundan başga-da jemleýji tapgyra gatnaşyjylar – biologiýa we umuman lukmançylyga aýratyn gyzyklanma bildirýän ýokary synp okuwçylar ýurtda ýokary hünärli lukman işgärleri taýýarlaýan esasy okuw mekdebi bolan paýtagtymyzdaky lukmançylyk uniwersiteti bilen giňişleýin tanyşmaga ajaýyp mümkinçilik aldylar. Ýokary okuw mekdepde okamaga dalaşgär boljak ýaşlar döwrebap okuw otaglaryna, ylmy-barlag barlaghanalaryna, uniwersitetiň kafedralaryna baryp gördüler, şolarda ýokary hilli bilim almak, oňat okamak hem-de geljekki hünäri üstünlikli özleşdirmek üçin iň oňat şertler döredilipdir.
Ýokary okuw mekdebiň wekilleriniň belleýişleri ýaly, olimpiada we onuň ähli ugurdaş çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçdi hem-de orta mekdepleriň we ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga ýardam etdi. Esasy zat, bäsleşik has zehinli mekdep okuwçylaryny, tebigy ylymlar ulgamynda olaryň bilim derejesini ýüze çykarmaga, ýaşlaryň öwrenmäge bolan gyzyklanmalaryny höweslendirmäge, şahsy mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga hem-de öz hünärlerini aňly-düşünjeli saýlap almaga ýardam etdi. Bu bolsa ýurdumyz üçin ýokary hünärli lukmanlary we degişli hünärmenleri taýýarlamagyň möhüm düzüm bölegidir.
turkmenistan.gov.tm