Golaýda Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň 15-nji orta mekdebinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Köýtendag etrap Geňeşiniň, Köýtendag etrap bilim bölüminiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýatynyň Köýtendag etrap birleşmesiniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Lebap welaýatynyň Köýtendag etrap komitetiniň bilelikde guramagynda okuwçy ýaşlaryň gatnaşmaklarynda ýol hereketiniň düzgünlerini öwrenmek maksady bilen “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda ýol hereketiniň kadalaryny, pyýadalaryň we ýolagçylaryň borçlaryny öwrenmek, olaryň ýol hereketiniň howpsuzlygyna jogapkärli garamaklaryny gazanmak, köçelerde, ýollarda okuwçylaryň özlerini tertipli we medeniýetli alyp barmaklygy barada giňden wagyz edildi. Elbetde, bu geçirilýän wagyz-nesihat çäreleri ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, ömrümiziň rahatlygyny üpjün etmekde uly ähmiýete eýedir.
Wagyz-nesihat duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzyň ösüşi, ýaş nesillerimiziň geljegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Şahnoza GAPPAROWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Lebap welaýatynyň Köýtendag etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.