Golaýda Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň 6-njy orta mekdebinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Dänew etrap Geňeşiniň, etrap hukuk goraýjy edaralarynyň, etrap Bilim bölüminiň bilelikde guramagynda 6-njy orta mekdebiň ýokary synp okuwçylarynyň gatnaşmagynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň dowamynda geçirilýän çärelerden ugur alyp, «Ýollarymyz asuda – illerimiz abadan» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda çykyş edenler ýollarda awtoulag serişdeleriniň köpelmegi netijesinde olaryň hereketleriniň ýygjamlaşýandygy, bu bolsa köçe-ýol hereketiniň howpsuzlygyna ünsüň güýçlenmegini talap edýändigi, ýollaryň hadysasyz bolmagynda sürüjiler bilen bilelikde pyýadalaryň hem jogapkärçiliginiň artýandygy barada belläp geçdiler.
Wagyz-nesihat duşuşygynyň ahyrynda asuda asmanyň astynda, parahat zeminiň üstünde türkmen halkyny bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Melike ROZYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Lebap welaýatynyň Dänew etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň baş hünärmeni.